
Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşlygynyň dowamynda häzirki döwürde hereket edýän Çagalar we ýetginjekler köşgüniň «Güneşli» ady bilen bina ediljek täze merkeziniň guruljak ýerini kesgitledi hem-de degişli halkara bäsleşigi yglan etmegiň zerurdygyny belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn bilimli-terbiýeli, zähmetsöýer nesiller bolup ýetişmeginde aýratyn ähmiýete eýe boljak täze merkezde dürli hünärlere ugrukdyrýan gurnaklaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini, onuň taslamasy taýýarlananda we gurluşygynda häzirki zaman talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny, binalarda çagalaryň zähmet endiklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen düzümleriň döredilmelidigini nygtady. Bagtyýar çagalaryň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesliň ukyp-başarnygyny döredijiligiň üsti bilen açyp görkezmegi, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy bilen bir hatarda, olaryň zähmete höwesini artdyrmak meselelerine-de möhüm ähmiýet berilmelidigine, bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigine üns çekildi. Munuň özi ýaş nesliň döwrebap bilimli-terbiýeli we zähmetsöýer bolup ýetişmeginde aýratyn ähmiýetli bolup, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň barha dabaralanýandygyny aňladýar.
Ýaşlara milli däp-dessurlarymyzyň, taryhy hem-de edebi şahsyýetlerimiziň mysalynda edep-terbiýe bermek, zehinleri ýüze çykarmak we ösdürmek, şeýle-de okatmagyň öňdebaryjy halkara tejribelerini giňden ornaşdyrmak, berilýän bilimleriň ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny has-da çuňlaşdyrmak boýunça işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu bolsa ýaşlaryň bilim ummanynyň çuňluklaryna ynamly aralaşmagynda, beden taýdan sagdyn, ruhubelent bolup ýetişmeginde aýratyn orun eýeleýär.
Döwlet Baştutanymyzyň «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezini bina etmek baradaky başlangyjy Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine ýetirmekde esasy sütünleriň biri hasaplanýan bilim ulgamyny düýpli özgertmegiň we güýçli depginler bilen ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny, bu ugurdaky işlere uly ähmiýet berilýändigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen tassyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň töweregine mäkäm jebisleşip, Watanymyzyň häzirki we geljekki üstünlikleriniň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmek, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da pugtalandyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr.
Patma JORAÝEWA,
Köýtendag etrabynyň bilim bölüminiň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň müdiri.



