Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar — ýurdumyzyň nurana geljegi

25-12-2023 / 12

Ýaşlar baradaky alada ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýaş nesiller ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.

Bu babatdaky milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça işler döwrüň talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirilýär. Muňa häzirki wagtda hereket edýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy» ýaly resminamalar aýdyň şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýaly konseptual resminamalar hem bar.

Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy. Bu ugurda alnyp barylýan işlerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna örän möhüm orun degişlidir. Gurama häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň dünýä ýurtlarynyň ýaşlary bilen ylym-bilim, maglumat-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer, sport we syýahatçylyk ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna resmi taýdan kabul edildi.

Ýaş nesilleriň kämil geljegi ugrunda ähli tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Bahar ORAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu