
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetde zenanlaryň işjeňligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Bu babatda alnyp barylýan işler bolsa halkara derejede ykraryny tapýar. Şu ýylyň 29-njy noýabrynda geçirilen Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) ministrler derejesindäki 22-nji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşine gender deňligini ilerletmek boýunça alyp barýan işleri üçin Aziýa ösüş bankynyň «CAREC» maksatnamasynyň medalynyň we degişli güwänamasynyň gowşurylmagy munuň aýdyň beýanydyr.
Bilşimiz ýaly, Zenanlar birleşigi ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, düzüminde häzirki döwrüň ägirt uly başlangyçlaryna işjeň gatnaşýan aýal-gyzlaryň müňlerçesini bir ýere jemleýär hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli özgertmeleri amala aşyrmakda uly güýç bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda bu gurama bitewi zenanlar birleşmesi hökmünde birnäçe jemgyýetçilik işlerini alyp barýar.
Döwletimiz tarapyndan aýal-gyzlara dürli ýeňillikler berilýär, olaryň mynasyp ýaşamagy we zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär, kanunçylyk esasynda gender deňligi üpjün edilýär. Konstitusiýamyzyň 29-njy maddasynda: «Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr» ýa-da 40-njy maddasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar. Nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýalyň özara razylygy boýunça nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýal deňhukuklydyrlar» diýlip beýan edilmegi ýurdumyzda gender deňliginiň kanuny esaslarynyň aýdyň subutnamasydyr.
Goý, tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan şöhratly wakalary bagyş edişi ýaly, geljek 2024-nji ýylymyz hem ählimiz üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň biri bolsun!
Gülbibi AGAGELDIÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary hünäriniň 3-nji ýyl talyby.



