
Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlarymyz ylymlaryny we bilimlerini ilimiziň baky bagtyýarlygyna, Watanymyzyň beýik geljegine, dünýädäki abraý-mertebämiziň has-da belende galmagyna bagyş etmelidirler» diýen sözlerinden ugur alyp, ajaýyp döwrümiziň bagtyýar ýaşlary beýik geljegimiz üçin bilim alýarlar, döredýärler, eziz Watanymyzyň at-abraýyny şöhratlandyrýarlar.
Şu ýylyň 27-nji dekabrynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň, sergileriň we dabaralaryň geçiriljekdigi baradaky hoş habar hem biz — ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Häzirki wagtda bu foruma ýokary guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Forum bilen ugurdaşlykda ähli ulgamlarda göreldeli zähmet çekýän, jemgyýetçilik durmuşynda, medeni-köpçülikleýin çärelerde işjeň çykyş edýän, ukyp-başarnyklaryny, ussatlyklaryny görkezýän, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde öňdäki orunlary eýeleýän ýaşlarymyzyň sylaglanjakdygy bolsa ýaşlary goldamak, höweslendirmek babatda alnyp barylýan işleriň nobatdaky aýdyň mysalydyr. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda zähmet çekjek ýokary hünärli nesilleriň kemala getirilmegine hem esas döredýär.
2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy nesilleriň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny, asudalygyny we ösüşleriň täze, okgunly gadamyny aňladýar. Döwlet Baştutanymyzyň: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen sözleri bolsa ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini has-da ýokarlandyrdy.
Aýgözel ÇARYÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.



