Žurnalistiň sahypasy

Balykçylyk — azyk senagatynyň bir pudagy

25-12-2023 / 14

Balykçylyk pudagy azyk senagatynyň bir pudagydyr. Esasy wezipe balyk we beýleki deňiz önümlerini tutmakdan (balyk tutmak we balyk ösdürip ýetişdirmek) we gaýtadan işlemekden ybaratdyr.

Senagat hökmünde balykçylyk XVII asyrda döräpdir. Bu senagatyň ähmiýeti ýa-da täjirçilik maksady balyk ýa-da beýleki deňiz önümlerini adamlaryň sarp etmegi üçin üpjün etmekden ybarat bolup durýar.  Ösýän ýurtlarda 500 milliondan gowrak adam eklenç üçin balykçylyga we suw hojalygyna gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn baglydyr. Hytaý, Indoneziýa we Hindistan ýaly ýurtlar balyk tutmakda öňdeligi eýeleýärler.

Ba­lyk tut­mak adam­la­ryň yk­dy­sa­dy iş­jeň­li­gi­niň iň ga­dy­my gör­nüş­le­rin­den bi­ri­dir. Şeý­le hem ba­lyk tut­ma­gyň ada­myň ru­hy we be­den güý­jü­ni ber­kit­me­gi­niň aja­ýyp se­riş­de­si bo­lup hyz­mat ed­ýän­di­gi bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.

Biziň döwletimizde hem balykçylyk pudagy işjeň ösdürilýär. «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» laýyklykda, balyk we balyk önümleri hem azyk üpjünçiliginiň esasy bölegini düzýär. Içerki sarp ediş bazary ýerli balyk önümleri bilen üpjün edilýär.

Türkmen milli tagamlarynyň balykdan taýýarlanýan görnüşleri örän köp. Adamlaryň sagdyn iýmitlenmeginde olar uly orun tutýar. Yzygiderli balyk iýmek adamyň gan aýlanyşyny, gözüniň görejini gowulandyrýar. Lukman Arkadagymyz öz kitaplarynda hem balygyň saglyga peýdasyna ünsi çekýär.

Umuman, ýurdumyzda balykçylyk pudagy hususy telekeçileriň işjeň gatnaşmagynda ösdürilýär

Gülnar KIRIMOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu