Žurnalistiň sahypasy

Türkmen sporty ösüş ýolunda

25-12-2023 / 13

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmek baradaky tagallalary özüniň miwesini berýär. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, olardan ýeňiş bilen dolanmagy dowam etdirýärler. Ýylyň ýylyna sany artýan bu hoş habarlaryň her biri gulaklara bagtyýarlygyň ajaýyp şemalynyň mukamy bolup eşdilýär.

Sport adamyň diňe bir beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny şertlendirmän, eýsem, halklary ýakynlaşdyrýan, jebisleşdirýän güýçdür, Türkmenistanda ussat türgenleriň sany ýylsaýyn artýar, dünýä talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan häzirki zaman sport desgalary gurulýar. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýanlaryň sany köpelýär hem-de dünýä, sebit derejesinde sport ýaryşlary guralýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen möhüm başlangyçlaryň netijesinde ýurdumyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk iri ugurdaş desgalar bina edildi. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesini görkezmek bolar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasy sportuň 21 görnüşine çenli giňeldildi. Munuň özi sportuň türkmen halkyna mahsus görnüşleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, 1994-nji ýylda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA-nyň we Aziýa futbol konfederasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. 1994-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Aziýa oýunlarynyň çärýek finalyna çykdy hem-de ýygyndy toparymyz 1995-nji ýyldan bäri futbol boýunça her ýyl geçirilýän halkara ýaryşlara gatnaşýar. “Aziýa Kubogy — 2022” atly abraýly halkara ýaryşda Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndy toparynyň (23 ýaşa çenli) üstünlikli çykyş edip, bu bäsleşigiň çärýek finalyna çykdylar.

Biziň sport mekdebimizde hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ýokary netijeleri gazanýan türgenlerimiz az däl. Olardan Hekim Nurberdiýewiň adyny aýratyn agzamak gerek. Ol sportuň milli göreş görnüşi boýunça birnäçe ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, sport mekdebimiziň abraýyny ynamly goramagy başarýar. Şeýle türgenlerimize buýsanýarys.

Sport mekdebimiziň türgenleri geljekki ýaryşlarda-da ýokary netijeleri gazanmak ugrunda yhlas bilen türgenleşjekdiklerine ynandyrýarlar. Olar öz saýlan sport görnüşleri boýunça kämilleşmekleri ugrunda döredilýän şert-mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarlar.

Guwanç REJEPOW,
Tejen etrabynyň sport mekdebiniň okuw işleri boýunca orunbasary.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu