
Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy Türkmenistanyň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan özgertmeleriň aýrylmaz düzüm bölegidir. Muňa ýakynda Aşgabat — Bangkok — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawynyň ýerine ýetirilip başlanmagy aýdyň şaýatdyr.
Içerki we halkara gatnawlarda ýük daşamakda hem-de ýolagçy gatnatmakda raýat awiasiýasyna möhüm orun degişlidir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän maksatnamalar innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirleri we iň oňat dünýä tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir. Şol işleriň netijesinde, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň halkara we ýerli howa gatnawlary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy, ýolagçy gatnatmagyň, ýük daşamagyň möçberini artdyrmak üçin mümkinçilikler döredi. «Boeing 777-300ER» kysymly uçar ýaly täze howa gämileriniň satyn alynmagy bolsa pudagyň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak bilen birlikde, milli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini artdyrmaga, howa ulagy arkaly halkara ýolagçy gatnawlaryna bolan islegleri kanagatlandyryp, bu ugurdaky işleri ýokary derejede amala aşyrmaga, dostlukly döwletler bilen söwda-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge ýardam berýär. Munuň özi Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda hem möhüm ähmiýete eýedir.
Şeýlelikde, durnukly ulag ulgamyny ösdürmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen döwlet syýasaty durnukly sebit hem-de ählumumy ösüşe hil taýdan täze itergi bermäge ukyply toplumlaýyn üstaşyr ulag, logistik düzümleriň döredilmegine saldamly goşant goşýan Bitarap Türkmenistanyň halkara strategiýasy bilen sazlaşykly utgaşýar.
Döwrebap howa gämileri arkaly ýola goýlan ýokary derejeli hyzmatlar üçin ildeşlerimiziň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklarynyň çägi ýok.
Çarymyrat GYZYLOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.



