
Alaja ― zenanlarymyzyň el işleriniň naýbaşylarynyň göze gelüwlileriniň biri. Onuň gözden-dilden goraýjylyk häsiýeti ählimize mälim. Bu barada Gahryman Arkadagymyz hem özüniň dürdäne eserlerinde nygtaýar. Milli Liderimiziň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine we gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady. Bu bolsa ýaşlar üçin görelde mekdebidir.
Manyly ömri bilen hem, on barmagynyň kämil hünäri bilen hem diňe bir döwürdeş gelin-gyzlarymyza däl, eýsem, telim-telim nesillere nusga bolup ýaşan Ogulabat ejemiziň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalaryň hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylmagyna, şeýlelikde, Ogulabat ejemiziň ýene bir nepisliginiň tutuş halkyň gymmatlygyna öwrüldi. Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen muzeýe gelen, gymmatlyklary onuň gaznasyna tabşyran pursatlary ikinji bir tarapdan türkmençilikde ene-mamalarymyzdan galan gymmatlyklara nähili belent sarpa goýulýandygyny görkezýär.
Mundan birnäçe ýyl ozal Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň öz eli bilen tiken kürtesi hem tabşyrylypdy. Bu gün ol diňe bir şu muzeýiň däl, tutuş ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklarynyň arasynda iň arzylylarynyň biri hökmünde saklanylýar. Bu kürte halkymyzyň täsin amaly-haşam sungatynyň nusgasyna öwrüldi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň häzirki döwürde-de ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Bize Ogulabat ejemiziň özündenem, ömründenem öwrenere zat juda kän. Bu ömür Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne eserlerinde şöhlelenýär. Bu kitaplary okan her bir okyjy Milli Liderimiziň öz ejesine goýýan belent hormatyna hem-de Ogulabat ejäniň belent Şahsyýet hökmündäki aýratynlyklaryna aýdyň göz ýetrýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, ähli ugurlar bilen bir hatarda, milli medeniýetimiziň ösdürilmegi we halkymyzyň baý mirasynyň giňden wagyz edilmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Her ýyl ýurdumyzda özüniň nusgalyk işleri bilen ýaşlara görelde bolýan zenanlarymyza döwlet Baştutanymyzyň Permany esasynda hormatly atlar dakylýar. Bu bolsa türkmen zenanlarynyň döreden milli gymmatlyklarynyň dünýä derejesine çykmagyna giň ýol açýar.
Goý, milli gymmatlyklarymyzy dünýä çykarmagymyz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, her bir tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Göwher HEMRAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky Astan Işangulyýew adyndaky 1-nji orta mekdebiniň zähmet mugallymy.



