
Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň netijesinde ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, jemgyýetçilik-syýasy çärelerine işjeň gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Watanyň geljegi hasaplanýan biz — ýaşlaryň ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, ukyp-başarnyklarymyzy açyp görkezmäge uly goldaw-hemaýat berilýär.
Hormatly Prezidentimiz: «Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň sany has-da artýar» diýip, örän jaýdar belleýär. Hakykatdan-da, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilen sepgitler bu günki gün dünýä ýaň salýar. Munuň şeýledigine Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda has-da aýdyň göz ýetirýärsiň. Çünki ýaş nesillere döredilip berlen mümkinçilikleriň saýasynda ylym-bilim, sport, medeni-ynsanperwer ugurlarynda uly üstünlikleriň şaýady bolduk.
Tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly meniň durmuşymda hem üstünlikli ýyllaryň biri boldy. Has dogrusy, 2023-nji ýylda maňa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada eýe bolmak bagty miýesser etdi. Şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen döwlet olimpiadasynda taryh dersi boýunça III orna, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen ders bäsleşiginde taryh dersi boýunça II orna mynasyp bolmagy başardym. Mundan başga-da, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan geçirilen ders bäsleşiklerinde hem baýrakly orunlary eýeledim.

Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşulan Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar we olaryň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Çünki ýaşlar bagtly geljegiň ýagty umytlary bolup durýarlar. Ýaşlar hakynda olaryň ylymly we bilimli, sagdyn, giň gözýetimli, dogry pikirlenip bilýän, halkymyzyň gadymdan gelýän däplerini we umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşdyrmaga ukyply bolan nesli kemala getirmek baradaky taýsyz tagallalary ýaşlary çäksiz buýsandyrýar hem-de uly maksatlara ruhlandyrýar.
Biz — ýaşlara okamaga, öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Şasenem MEÝLISOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.



