
Sport — parahatçylygyň ilçisi. Sport — sagdynlyk. Sport — gözellik. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty goldamak we ösdürmek, türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmak baradaky görkezmelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň beýleki sport mekdeplerinde bolşy ýaly, Tejen etrabynyň Altyn asyr şaheriniň sport mekdebinde hem sagdynlygyň, bagtyýarlygyň gözbaşy bolan bedenterbiýä we sporta aýratyn uly üns berilýär.
Sport mekdebinde ruhubelent çagalar bilen tälimçileriň geçýän okuw-türgenleşik sapaklaryny synlanyňda türkmen sportuny şöhratlandyrjak ezber türgenleriň kemala geljekdigine uly ynam döredýär. Bu sport mekdebine ýaşlaryň ýüzlerçesi gatnap, olar sportuň dürli görnüşleri boýunça tälim alýarlar.
Tälimçi-mugallymlaryň ýadawsyz zähmeti öz miwesini berip, sport mekdebiniň ýaşajyk we ýetginjek türgenleri welaýat, ýurt, halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar hem-de uly üstünliklere, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa tälimçileriň yhlasynyň ýerine düşýändiginden nyşandyr.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli geçirilen ýaryşlar ýaş türgenlere sport ussatlygyny görkezmäge ajaýyp mümkinçilik boldy. Ýaşlar öz aralarynda geçiren çekeleşikli duşuşyklary arkaly hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sport-sagaldyş hereketlerini ösdürmek ugrundaky tagallalaryndan ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerini, sportda barha taplanýandyklaryny aýan etdiler.
Ýeri gelende bellesek, sport mekdebimiziň basketbolçy türgenleri – Hemra Weliyewiň, Bagtgeldi Weliyewiň, Akmyrat Gadamowyň, Dawut Ýomudowyň atlaryny buýsanç bilen agzamak gerek. Bu türgenler diňe bir sport mekdebimiziň däl, tutuş ýurdumyzyň sport abraýyny ygtybarly goramakda ýadawsyz türgenleşýärler. Olara yzygiderli üstünlikler ýaran bolýar. Şeýle üstünlikleriň sany geljek 2024-nji ýylda has hem köp bolar.
Türkmen sportuny ösdürmek üçin döwlet derejesinde edilýän uly işler hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygy baradaky edýän aladalarynyň netijesidir. Sport ulgamynyň ösmegi üçin uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Allak ALLAKOW,
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebiniň müdiri.



