Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar — dünýäniň geljegi

22-12-2023 / 12

Eziz Watanymyzyň bagtly geljegini gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylymdan ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn hem-de terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan anyk kesgitlenen Türkmenistanyň ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir. Ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly orny eýeleýändigini, dünýä derejesindäki öňdebaryjy ornuny göz öňünde tutanyňda, ýaşlar syýasaty milli döwlet bähbitleriniň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ilkinji gezek 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda kabul edildi, oňa üýtgetmeler we goşmaçalar bolsa 2017-nji ýylyň martynda girizildi. Geçen ýylyň ýanwarynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” kabul edildi. Şonuň çäklerinde türkmenistanlylaryň ösüp gelýän ýaş neslini kemala getirmek we ösdürmek, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbidine olaryň aň-düşünje, ruhy, döredijilik kuwwatyny has doly amala aşyrmaga mümkinçilikleri giňeltmek üçin oňaýly şertleri üpjün etmek boýunça anyk çäreler görülýär.

“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi düzüm we mazmun taýdan kämilleşdirildi hem-de baýlaşdyryldy. Resminamanyň giriş bölegi, ýaşlar syýasaty babatda ulanylýan käbir düşünjeler täzeden kesgitlenildi we gaýtadan beýan edildi, Kanuna birnäçe täze düşünjeler, döwrebap kadalar girizildi. Resminama “Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi” diýen täze bap goşuldy. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaş nesline Berkarar Watanymyza beýik söýgini, onuň gazananlaryna buýsanjy terbiýelemäge gönükdirilen hem-de biziň milli ýörelgelerimize kybap gelýän terbiýeçilik-wagyz ediş işleriniň geriminiň giňeldilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadag Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde, olarda milli gymmatlyklarymyza, medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza we halkymyzyň taryhyna söýgi döretmekde, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek bilen bagly geçirilýän wagyz-ündew hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmakda, ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlyga bolan höwesini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän watansöýüji, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, baky berkarar döwletimiziň ösüş–özgerişlerine mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek bagtyýarlyk döwrümiziň öňde goýýan belent wezipeleridir. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen Milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde ýaşlar uly güýçdür

Narbaý JIÝANOW,
Köýtendag etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň 2-nji sport mekdebiniň usulçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu