
Türkmenistanda sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagy we täze ekologik garaýyşlaryň kemala gelmegi, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetiň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy üçin yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin çäreler bu ugurda öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülýär.
Ekologik abadançylyk baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr. Diýarymyzda welosipedli ýörişleri yzygiderli guramak ýaly ajaýyp däp ýola goýuldy. Şol çärelere ulag sürüjileri bilen birlikde, türkmenistanlylaryň müňlerçesi gatnaşýar. Sürüjiler çäräniň geçirilýän döwründe ulag serişdelerinden peýdalanmaýarlar, bu bolsa ekologik ýagdaýa oňyn täsir edýär.
Türkmenistanda geçirilýän welosipedli ýörişler ilatyň saglygyny pugtalandyrmaga hem-de welosiped hereketini wagyz etmäge ýardam berýär. Şeýle çäreler oňa gatnaşyjylara sportuň özlerine ýakyn görnüşi bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýär, dynç alyş hem-de wagyz işlerini utgaşdyryp, ajaýyp ruhubelentlik güýjüni peşgeş edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologik çäreler tebigata aýawly garamak boýunça asylly däpleriň mynasyp dowamydyr.
Göwher ATAÝEWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby.



