Žurnalistiň sahypasy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda köňüller buýsanja beslenýär

23-12-2023 / 23

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde ýaşlara we ýaşlyga bagyşlanan ýyl – Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly üstünlikler bilen tamamlanyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen badalga alan ýaşlar syýasaty hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, zamanabap tehnologiýalardan baş çykaryp, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesliň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary babatda hem uly işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün türkmen ýaşlary Türkmenistanyň dünýädäki sport abraýyny has-da belende göterýärler.

Men entek okuwçy wagtym sportuň küşt görnüşi boýunça ýurdumyzyň çäginde hem-de sebit, dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşýardym. Birnäçe gezek baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň Döwlet baýdagyny al-asmana parlatmagy başardym. 2015-nji ýylda bolsa mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilen küşt boýunça Dünýä çempionatynda 1-nji orna mynasyp bolmagy başardym.

Mundan başga-da, 2022-nji ýylyň 15-16-njy iýulynda diplomatlar we olaryň maşgalalary üçin Aşgabat şäherinde geçirilen halkara küşt ýaryşynda “Açyk şahsy” ugrunyň birinjiligini eýeledim. Şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň diplomatik wekilhanalarynyň arasynda geçirilen küşt ýaryşynda 1-nji orna mynasyp boldum.

Ine, uly üstünlikler bilen tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly meniň durmuşymda hem ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Has dogrusy, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 1-nji orny eýeledim.

Şu pursatdan peýdalanyp, ýaşlar syýasatynyň dabaralanmagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän, biz – ýaşlara okamaga, öwrenmäge, sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilkleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Annagözel MEKANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu