Žurnalistiň sahypasy

Innowasion ösüşleriň binýady

21-12-2023 / 18

Häzirki wagtda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň orta we uzak möhletli maksatnamalary işlenip taýýarlanylanda, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni-ynsanperwer çygyrlarda ösüşi üpjün edýän görkezijilerden ugur alynmagy hem kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milletiň aň-paýhas mümkinçiliklerini ulanmaga we ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň giňden ýaýramagyna esaslanýan innowasion ösüşiň üpjün edilmegini şertlendirýär.

Durmuşa geçirilýän milli hem-de halkara ähmiýetli taslamalar babatda halkara maliýe edaralary we guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda, ilkinji nobatda, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna uly orun degişlidir. XXI asyryň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip barýan «akylly» tehnologiýalaryň döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryna ornaşdyrylmagy dünýä ykdysadyýetinde ählumumylaşmanyň tizleşmegine hem-de ösüşiň täze tapgyryna badalga bolup hyzmat etdi.

Innowasion ösüşiň nusgasy milli ykdysadyýetiň çig mal ugurly ösüşinden düýpli tapawutlanmak bilen, ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda uly mümkinçilikleri özünde jemleýär. Bu ugur, ilkinji nobatda, ykdysady, durmuş we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ähli çygyrlarynda innowasion öňegidişligi amala aşyrmak üçin zerur bolan köptaraply adam bilimleriniň we başarnyklarynyň netijeli ulanylmagyna daýanýar.

Şaýyra ERGAŞOWA,
Çärjew etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň informatika mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu