Žurnalistiň sahypasy

Buýsançly kalplaryň kelamy

21-12-2023 / 10

Üstünlige beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň her bir güni jemgyýetçilik wakalaryň gymmatyny, häsiýetini we ähmiýetini dabaralandyrýan şanly pursatlar, döwrüň unudylmajak taryhy seneleri bilen baýlaşýar.

Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn sene bolup ýazylýar. 2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň çuňňur mazmuny bardyr. Munuň özi nesilleriň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny, asudalygyny we ösüşleriň täze, okgunly gadamyny aňladýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň etrap merkezlerinde, şäherlerinde, şäherçelerinde we obalarynda köptaraply we giň gerimli döwlet maksatnamalary, meýilnamalaýyn taslamalar esasynda uly işler durmuşa geçirilýär. Oba ýaşaýjylaryna edilýän jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hili we mazmuny has-da döwrebaplaşdyrylýar. Oba ýerlerinde halk hojalyk serişdeleriniň düzümleýin birliklerini kämilleşdirmek, ýaşaýşyň ähli çygyrlarynda oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmek maksady bilen ösüşleriň täze tapgyrlaryna badalga berilmegi ählimizi guwandyrýar.

30-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem hormatly Prezidentimiz şu ýylda ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak ençeme çäreleriň geçirilendigini aýratyn belledi. Hökümet mejlisinde ýylyň ahyrynda ýaşlaryň maslahatynyň we sergisiniň geçiriljekdigi habar berildi. Bu möhüm çäreler ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemi jemlener. Bu waka Arkadag Serdarly bagtyýar ýylynyň ajaýyp jemlenmesine öwrüler. 

Oguljan RAJAPOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap geneşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu