Žurnalistiň sahypasy

Ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri

21-12-2023 / 13

Türkmen tebigatynyň iň gözel künjeginde bina edilen Arkadag şäherini bu gün görmäge göz, tarypyny etmäge söz gerek. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik gurluşygy bolan Arkadag şäheri ýaşaýşyň bütinleý täze şertlerini öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we aýap saklamaga hem-de rejeli peýdalanmaga gönükdirlendir. Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher — Arkadag şäheri diňe bir öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň ösen derejesiniň beýany bolman, eýsem, «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr.

Täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglere, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Şunda Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň esasynda goýlan «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge öz beýanyny tapýar. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde şäher köçelerinde jemgyýetçilik ulagynyň ekologik taýdan arassa görnüşleri — elektrobuslar we elektrotaksiler hereket edýär. Şäherdäki desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa materiallar ulanyldy. Şeýlelikde, Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk, inženerçilik-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýär.

Arkadag şäheri diňe bir durmuş, ykdysady ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly giňişlikdir. Şäheriň gurluşygynyň indiki tapgyrynda senagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygynda, çig mallaryň gaýtadan işlenilmeginde häzirki döwrüň ekologik talaplaryny doly berjaý etmek göz öňünde tutulýar. Bu işleriň ählisi Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerine laýyk gelýär.

Täçmyrat GUWANJOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu