
«Täze ýylyň şat toýy, || Bolmaz onuň deň-taýy» diýlip, çagalygymyzdan aňymyza guýlandygyndanmy, nämemi, Täze ýyl baýramçylygynyň gadyry uly-kiçi, tapawudy ýok, tutuş ynsanyýet üçin hemişe üýtgeşikligine galýar.
Internetiň dünýä halklary bilen gatnaşyklary ýakynlaşdyrmagy bu pikirimiziň ynandyryjylygyny has-da artdyrýar. Iň esasy aýratynlyklarynyň birem onuň ýagşy arzuw umytlara beslenip garşylanmagynda bolsa gerek. Muny dünýä halklarynyň bu baýram babatdaky däpleri hem doly subut edýär.
Turuwbaşdan bellemeli zat, däpler biri-birinden tapawutly bolsa-da, maksatlar deň: Täze ýylyň bagt, saglyk, baýlyk, üstünlik ýaly gowulyklary getirip, durmuşymyzy has-da bezemegi. Goý, şeýle-de bolsun!
Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy bilen Türkmenistanda Täze ýyl dabaralary başlanýar. Täze ýyl gijesi saçaklar dürli naz-nygmatlar bilen bezelip, bir-biregiňkä myhmançylyga barylýar. Täze ýylyň has şowly gelmegi üçin ýagşy dilegler edilýär. Ýylyň çalyşmagyna sanlyja minut galanda Baş arçanyň ýanynda feýerwerkleriň atylmagy bolsa, adamlaryň baýramçylyk ruhuny joşdurýar.
Dürli öwüşginli çyralary bilen asuda gijeleri ýagtyldyp, ata Watanymyzyň gözelliklerini goşalandyrýan arçalaryň töweregi birnäçe günden bäri has köp adamly. Aýratyn-da, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde bezelen ýurdumyzyň Baş arçasyna gelýänleriň gelim-gidimi egsilenok. Dürli-dürli bezeg we yşyklandyryjy serişdeleriň müň dürli görnüşleri bilen bezelip şugla saçýan owadan Täze ýyl arçasynyň ýanynda şowhunly çäreleri geçirmäge hem-de bu ýerde surata düşmäge türkmen paýtagtynyň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlary gelýärler. Baýramçylyk görnüşleri merkezi meýdançalarda, uly şaýollaryň ugurlarynda, seýilgählerde we şäheriň her künjeginde şugla saçýar.
Jemal JUMANAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.



