Žurnalistiň sahypasy

Sport — parahatçylyk, dostluk, sagdynlyk

20-12-2023 / 11

Şu ýylyň 23 — 28-nji noýabry aralygynda türkmen paýtagtynda ýokary derejede geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Bu iri ýaryş türgenlerdir janköýerler üçin parahatçylygyň, dostlugyň we sportuň iri baýramçylygy boldy.

Ata Watanymyz Türkmenistanda bu halkara ýaryşyň guralmagy hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň, paýtagtymyz Aşgabadyň bolsa ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Paýtagtymyzda geçirilen nobatdaky çempionat dünýä sportunyň şöhratly sahypalaryndan orun alar. Bu ýaryş Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde ykrar edilendiginiň aýdyň güwäsi boldy. Maglumat hökmünde belläp geçsek, çempionatda 4 yklymyň 45 ýurdundan 181 türgen 15 medal toplumy ugrunda bäsleşdi. 2023-nji ýylyň dünýä çempionatynyň dowam edýän günlerinde geçirilen IKA-nyň kongresine bolsa Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, şeýle hem Günorta we Demirgazyk Amerikadan 53 ýurduň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Türkmen türgenleri 15 agram derejesinde çykyş edip, jemi 15 medal gazandylar. Şolaryň 5-si altyn, 6-sy kümüş we 4-si bürünç medallardyr. Bu görkezijiler bilen türkmen pälwanlary medallaryň umumy sany boýunça beýleki toparlardan ep-esli öňe saýlandylar. Gazanylan altyn medallaryň sany boýunça diňe toparlaýyn bäsleşikde 7 altyn, 1 kümüş we bürünç medaly bolan Özbegistanyň milli ýygyndy toparyndan yza galdylar. Öňdebaryjy üçlügi Gazagystanyň milli ýygyndy topary tamamlap, gazak kuraşçylary 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar. Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşan jemi 45 ýurtdan 16 ýurduň türgenleri hormat münberine çykdylar.

Biziň türgenlerimiz sportuň ähli görnüşleri boýunça ýokary netijeleri gazanmagy başarýarlar. Futbol türgenimiz Yslam Safarow hem birnäçe ýaryşlarda özüniň sport ussatlygyny görkezmegi başardy. Munuň özi türgenlerimiziň barha kämilleşýändikleriniň nyşanydyr.

Sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolmagynda galýar. Türgenler bolsa dost-doganlygyň we parahatçylygyň ilçileridir. Olar öz ussatlyklary, ýeňşe bolan erk-islegleri bilen Olimpiýa taglymlaryny berkarar edýärler. Goý, ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni mundan beýläk-de ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Begmyrat MYRADOW,
Tejen etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň başlygynyň w.w.ýe.ýe.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu