
Türkmenistanyň tennis federasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işleriň netijesinde sportuň bu görnüşini ösdürmek babatda köp sanly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanly türgenleriň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri bolsa olaryň barha kämilleşýändigini we tejribeleriniň artýandygyny görkezýär.
2023-nji ýylyň 5 — 9-njy iýun aralygynda paýtagtymyzda ýokary guramaçylykly geçirilen 12 ýaşly we ondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy geçirildi.
***
Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysy FedCup ady bilen geçirilýän dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynda çykyş edip, tejribe toplady. Bu ýaryş Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirildi.
***
Bangkokda geçirilen 14 ýaşa çenli arasynda ATF-iň guramagynda halkara ýaryş geçirildi. Aziýanyň iň ezber ýetginjek tennisçilerini bir ýere jemlän bu ýaryşda türkmenistanly gyz Anastasiýa Azimbaýewa ýarym finala çenli çykyşyny dowam etdirdi.
***
Türkmenistanyň tennis ýygyndysy Iordaniýanyň Amman şäherinde geçirilen Dewisiň kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyrynda öz toparçasynda 2-nji orny eýeledi. Soň bolsa Iordaniýanyň ýygyndysy bilen duşuşdy.
***
Özbegistanyň tennis federasiýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň çäklerinde türkmenistanly türgenler okuw ýygnanyşygynda boldular. Şol ýygnanyşygyň geçýän günleri 14 ýaşa çenlileriň arasynda geçirilen ITF-iň ýaryşynda Mariýa Atamyradowa özbegistanly tennisçi gyz A.Petrowa bilen ýarym finala çykdy.
***
Türkmenistanly hünärmenleriň halkara derejeli emin hökmünde ýaryşlara gatnaşmagy üçin hem degişli işler geçirildi. Netijede, 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Andijanda (Özbegistan) guralan ITF-iň ýaryşyna türkmenistanly hünärmen Andreý Dolmatow emin hökmünde gatnaşdy. Tähranda geçirilen ITF-iň okuw-maslahata hem hünärmenlerimiz gatnaşyp, olardan Jennet Hallyýewa II derejeli tälimçi derejesini aldy.
***
Duşenbe şäherinde geçirilen Täjigistanyň Prezidentiniň kubogyna türkmenistanly tennisçiler ITF-iň çakylygy boýunça gatnaşdylar. Gürrüňi edilýän abraýly halkara ýaryşa Andreý Dolmatow emin hökmünde gatnaşsa, Kakajan Baýramgeldiýew iň ökde tennisçileriň 8-ligine girmegi başardy.
***
Tennis barada gürrüň edilende, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça türgenimiz Rejepmyrat Amandurdyýeiň adyny hem buýsanç bilen agzamalydyrys. Bu türgenimiz irginsiz türgenleşikleriň netijesinde ýokary sport üstünliklerini gazanýar. Ussat türgenlerimiziň her bir üstünligi sportuň ösdürilmegi babatda ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işleriň netijesidir.
Kerwen TAŇYRGULYÝEW,
Tejen etrabynyň sport mekdebiniň hünärmeni.



