Žurnalistiň sahypasy

Çagalara iňlis dili öwredilende esbaplardan peýdalanmak

21-12-2023 / 122

Okatmagyň serişdelerini kämilleşdirmek, islendik sapakda bolşy ýaly, çagalara daşary ýurt dilleri öwredilende hem möhümdir. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda bilim ulgamynyň ilkinji basgançagy bolan çagalar baglaryndan başlap bu ugurdaky sapaklar ýokary hil derejesinde we baý mazmunda guralýar. Belli usulyýetçiler N.I.Mirolýubow we beýlekiler okatmagyň serişdelerini uly iki topara bölýärler: 1) Adaty-tehniki däl serişdelerini (suratlar, gutlaglar, flanelograf, okuw kitaplary, gollanmalar, depderler, plakatlar, tablisalar).

Mugallym gündelik geçýän iňlis dili sapaklarynda ulanyljak dürli hili görkezme esbaplaryň toplumy çagalaryň ýaş aýratynlyklary (toparlaryň görnüşleri) boýunça iňlis dili otagynda rejeli saklanmalydyr.

Mugallym geçýän iňlis dili sapaklarynda diwarlyklardan netijeli peýdalanmaly. Bulardan başga-da, suratlar, albomlar, ses ýazgylary, tehniki serişdeler bolmaly we olar her sapakda peýdalanylmaly. Magnitafonda, kompýuterde, şekilli ýazgylary görkezýän magnitafonlarda tekstleri diňlemek. Häzirki zaman tehniki serişdeler/gramplastinka, magnitafon lentasy, diapozitiw, slaýd, diafilm, kinolenta we ş.m.

Häzirki ösen jemgyýet okatmagyň ulgamyny okuw görkezme esbaplaryndan, ösen tehniki serişdelerden peýdalanyp guramagy her bir mugallymdan talap edýär. Görkezýän tehniki serişdelere epidioskoplar, kodoskoplar, dioproýektorlar, kompýuterler degişlidir. Görkezme esbaplarynyň kömegi bilen okatmak — bu çagalar tarapyndan gönüden-göni kabul edilip alynýan anyk abzallaryň esasynda guralýan okuw işidir.

Görkezip okatmak mekdebe çenli çagalar edarlarynda uly ähmiýete eýedir. Sebäbi bu döwürde çagalaryň maglumatlary özüne kabul edip alşy, göz öňüne getirmesi has anyk bolýar. Şoňa görä-de, sapakda peýdalanylýan görkezme esbaplar olaryň ünsüni sapaga çekmäge, maglumatlary gowy özleşdirmegine, ýatda saklamagyna, hatda mazmunyna düýpli düşünmegine-de kömek edýär.

Gatyşyk häsiýetli tehniki serişdeler hem görkezip okatmaklyga degişli bolup, häzirki döwürde iň işeňňir ulanylýan serişdelerdir. Olara kino bölekleri görkezilýän apparatlar, telewizor, kompýuter, şekilli ýazgylary görkezýän magnitafonlar, multimediýa tagtalary degişlidir. Munuň ýaly tehniki serişdeleri ulanmaklyk mugallymyň usuly döredijiligine baglydyr.

Eşitdirýän tehniki serişdeler bolan gramplastinkalary, magnitofon we kompýuter ýazgylaryny diliň ses düzümi bilen baglanyşykly sapaklar geçilende, basym, säginme, äheň öwredilende, başganyň sözi, gepleşik ýaly temalarda, tekstler öwredilende giňden peýdalanmak bolar.

Çeper kino böleklerine, şekilli ýazgylara tomaşa edip, degişli grammatiki we leksiki serişdeleriň janly gepleşikde ulanylyşyna syn etmegi öwretmek. Bu tehniki serişdeler ulanylanda, çagalar sapak wagtynda zatlaryň asyl nusgasyny, bolşuny, hereketini, işleýşini hut öz gözleri bilen görýärler. Bu serişdeler çagalaryň ýadynyň we pikirlenmesiniň ýokary derejede ösmegine, okuw maglumatlaryny degişli duýgy agzalarynyň üsti bilen kabul etmeklerine, okuw döwrüniň işeňňirleşmegine ýardam edýär, okuwçylaryň höwesini, ünsüni, bilesigelijililigini ösdürýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesle ýokary mümkinçiliklerden peýdalanyp sowat öwretmäge, milli ruhda terbiýe bermäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Abadan ALTYÝEWA,
Mary şäherindäki 46-njy  çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi we iňlis dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu