Žurnalistiň sahypasy

Magtymguly – adamzat paýhasynyň dürdänesi

20-12-2023 / 12

Ata Watanymyzyň, türkmen halkynyň üstünlikden-üstünlige barýan eýýamynda Pyragynyň şygyrlary bütinleý täzeçe ýaňlanýar. Beýik şahyryň ajaýyp edebi mirasy öz röwşen nuruny diňe bir türkmen halkynyň kalbyna çaýman, ol ýer ýüzüniň halklaryny dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar, halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar.

Şahyryň döredijiligi her bir ynsana, şol sanda ýaşlara terbiýe mekdebidir. Onuň eserlerinden Watany söýmek, gözümiziň göreji deý goramak, il-halka, ýurda mydama peýda getirjek işleriň başyny tutmak, her bir ynsana hormat goýmak, gerek ýerinde olara goldaw bermek, haýyr-sahawat bilen meşgullanmak ýaly ýokary ahlak sypatlary eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr:

Ýagşylykda ile özün tanydan —
Alkyş alyp, derejesi zor bolar.

— diýen setirlerinde çuňňur pähim-parasatlylyk bilen, il içinde haýyr işlere meşgul bolup tanalan ynsanlaryň durmuşda hemişe mertebeli bolýandygyny juda beletlik bilen nygtap geçýär.

Goç ýigidiň işi söhbet-saz bolar,
Köňli gyş bolmaýyn, daýym ýaz bolar,
Ýagşynyň köňlünde kine az bolar,
Ýamanyň her günde uruşyn görüň!

Bu setirleriň üsti bilen bolsa şahyr ýagşy, päli-niýeti düzüw adamyň köňlünde kine saklamaýandygyny, ýagşylaryň hemişe beýlekilere-de nusga bolýandygyny ussatlyk bilen suratlandyrýar.

Durmuş manysynyň çägi ýokdur, ol her kimiň görüp bilşine, düşünşine baglydyr. Magtymguly Pyragy bolsa ömrüň manysyny bakylygyň öňündäki borç diýip kesgitläpdir. Şol borç bolsa şahyryň her setirinde öz beýanyny tapýar.

Köpetdagyň belent gerşinde akyldar şahyrymyzyň ýadygärligini öz içine alýan täze medeni-seýilgäh toplumynyň döredilmegi, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagy beýik söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň güwäsidir.

Tejen TEJENOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu