
Türkmen halky beýik söz ussatlaryna hemişe hormat goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söz mülkünden köşk gurup, adamzat dünýäsiniň ruhy gymmatlygyna öwrülmegi başaran dana Magtymguly Pyragynyň sarpasy has hem belent tutulýar. Geljek ýylda milli şahyrymyzyň halkara derejesinde geçiriljek doglan gününiň 300 ýyllygyna ýokary taýýarlyk görülýär.
Magtymguly ynsan ykbalyny örän aýdyň hem sada dilde çuňňur manyda doly yzarlap berýär. Şunda halal ýaşamalydygy, diliňi gybatdan saklamalydygy, galplykdan gaça durmalydygy hakda ündelýär. «Iliňi, ýurduňy, Watanyňy söýüp ýaşamakdan özge adama bagt berlip bilinmez» diýen ideýanyň many örüsi giňeldilip, adamyň doly bagty üçin onuň berkarar döwleti gerekdir diýen netije çykarylýar. Berkarar döwletlilik bolsa eşretli ýaşaýyşdyr, egsilmez bagtdyr, şöhrat-şandyr.
Magtymgulynyň döredijiligi umman ýaly giň, Zemin ýaly bereketli, asman ýaly belentligi üçin ynsan durmuşynda ýüze çykýan çylşyrymly meseleleriň çözgüdini, degerli maslahatlary, pähim-paýhasy özünde jemleýär. Şahyryň edebi mirasy, akyl-paýhasa, ýokary çeperçilige ýugrulan ajaýyp eserleri belent adamkärçilige, ylahy päklige, watansöýüjilige, ynsaba, wyždana esaslanýar.
Gündogar şygryýetiniň göwher täjine deňelýän Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligi şygyrlaryndaky dürdäne garaýyşlarynda ýüze çykýar. Ol öz şygyrlarynda ynsanyň ähli ýokary ahlak sypatlaryny ussatlyk bilen suratlandyrýar. Akyldar şahyrymyzyň bize miras goýan şygyrlary tükenmez pähim-parasadyň, öwüt-nesihatyň çeşmesidir. Akyldar şahyryň şygyrlary ynsan kalbyna adalatyň, gujur-gaýratyň, pähim-parasadyň tohumyny sepeleýär. Magtymgulynyň döredijiligi bütin durky, kalbynyň joşguny, ähli pikirleri bilen, ilkinji nobatda, türkmen halky we onuň ykbaly bilen berk baglanyşyklydyr.
Selbi GURBANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallym õwrenijisi.



