
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz döredijiligiň, gurmagyň, kämilleşmegiň, beýik ösüşiň röwşen ýolunda bedew bady bilen öňe barýar. Şan-şöhraty bilen türkmen adyny dünýä ýaýan taryhy döwrüň her bir güni ynsan hakydasynda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrýan beýik tutumlary, oba-hojalygynda, bilim we saglygy gorýyşda, medeniýetde, mahlasy, ähli ugurlarda gazanylýan belent ösüşleri bilen öçmejek yz galdyrýar.
Ýurdumyzyň ösüşlerinde bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň hem mynasyp paýy bar. Bu jogapkärli kärde irginsiz zähmet çekýän mugallymlar barada näçe ýazsaň-da bärden gaýdýan ýaly. Çünki bu ajaýyp kär hemişe mukaddes hasaplanýar. Eýsem näme, mugallym çaganyň hem bilim binýady hem-de mähriban käbesine öwrülýär. Şeýle mugallymlaryň biri hem Çärjew etrabyndaky Astan Işangulyýew adyndaky 1-nji orta mekdebiniň zähmet mugallymy Göwher Hemraýewa. Göwher mugallym 1985-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny üstünlikli tamamlap, häzirki zähmet çekýän mekdebinde işe başlaýar. Şondan bäri zähmet çekip gelýän halypa mugallymyň tejribe ýüki ýetik. Ol häzirki wagtda mekdepde uly hormatdan peýdalanýar. Göwher mugallym ertirimiziň ýagty geljegi bolan ýaş nesle zähmet dersinden bilim, hünär berýär.
Çaga terbiýesiniň agramly bölegini mekdep ýyllarynda alýar. Bu jogapkärçilikli işde mugallym zenanlaryň paýy has-da uludyr. Çünki olar diňe bir öz perzendiniň däl, ýüzlerçe çaganyň hem bilim, hem terbiýe mekdebi. Mekdebiň gyzlary Göwher mugallyma öz ejesi ýaly höwrügipdirler.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, türkmen maşgalasynda gyz perzende edep bermegiň, terbiýelemegiň käbelerimizden galan aýratyn ýörelgeleri dowam etdirilýär. Göwher mugallym hem şol ýörelgeleri yzygiderli pişeläp dowam etdirýär. Ol gyzlara guramalary öwretmegiň ussady. Ýeri gelende aýtsak, guramalaryň gowy ýeri tygşytlylykdyr. Bu işleri ýaş gyzjagazlar üçin bolsa tüýs terbiýe we zähmet mekdebi. Guramalaryň özüniň ýörite gülleri bolup, ol örän inçeligi we irginsiz zähmeti talap edýär. Guramalar göräýmäge bir gysym mata ýaly welin, ýöne gaty ussatlygy talap edýän ownuk iş bolýar.
Türkmenlerde ene-mamalarymyzdan gelýän däbe görä durmuşa çykýan gyzyň ýassyklary we iň bolmanda bir ýorgany yrym edilip, guramaly edilýär. Gurama ýorganlaryň aglaba köprägine «Düýe göz», «Durna hatar» nagyşlary salynýar. Bu nagyşlar şeýle bir sünnä salynýar welin, «Durna hatary» synlap al-asmandaky toýnuk, «Düýe gözi» synlap, bu akylly janaweriň gözündäki dünýä nazaryň ilýär. Şeýle-de durmuşa çykjak gyza ene öýünden könelerimizden biziň günlerimize çenli ýetip gelen däpleriň biri bolan guramaly bukja berilýär. Häzirki wagtda bukjalary döwrebap görnüşde hem bejerýäris. Bukjalar hem irginsiz zähmeti talap edip, ýörite düz matadan edilen taýýar bolan gaşlaryň, ýörite usullar bilen «Günebakar», «Çarhypelek» ýaly nagyşlar salynýar. Guramalaryň haýsy görnüşi taýýarlanjak bolsa hem matalarynyň ýerbe-ýer goýulmagyny hem saýlamagy başarmak olaryň örän owadan bolmagyna täsir edýär.
Mugallym mekdepde gyzjagazlara ene-mamalarymyzdan gelýän köýnek tikmegi hem öwredýär. Iň gowy ýeri bolsa mugallymyň ene-mamalarymyzdan miras galan el hünärini gaýtadan dikeldip, milli medeni mirasymyzy döwre laýyk kämilleşdirip, ýaş ýaş nesle öwretmekde goşandynynyň uludygydyr. Onuň ýetişdiren şägirtleri we özi etrap, welaýat derejesindäki iri çärelerde, sergilerde öňdäki orunlara mynasyp bolmagy başarýarlar. Muny eli çeper mugallym zenanyň we şägirtleriniň mynasyp bolan Hormat hatlary hem tassyklaýar. Şeýle-de mugallymyň işlän ýyllarynda birnaçe minnetdarlyk htlary zähmet ýoluny mynasyp bezeýär. Bize bolsa şeýle mugallymlaryň bardygyna ýürekden buýsanaýmak galýar.
Halypa mugalymyň bagtyýar maşgalasy bar. Ýanýoldaşy Zakirjan aga bilen diňe bir kärlerinde däl, eýsem, il arasynda hem uly abraýdan peýdalanýar. Göreldeli maşgalanyň 2 ogly, bir gyzy bar. 7 agtyk bolsa bu bagtly maşgalanyň nesil dowamatyna öwrülýär. Olaryň arasynda-da geljekde mugallym bolmak isleýänleri bar.
Biz hem görküniň, ýüreginiň gözelligini hünärine siňdiren mugallyma geljekde-de asylly kärinde üstünlikleri arzuw edýäris.
Maral AKMYRADOWA,
“Türkmen gündogary” gazetiniň habarçysy.



