
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Döwletimiziň ykdysady ösüşini belent sepgitlere ýetirmek, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, adamlaryň saglygyny gorap saklamak wezipeleri döwlet strategiýasynyň esasy özenini düzýär.
„Saglyk“ Döwlet maksatnamasyna laýyklykda milli saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleri düýpli özgerdi. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de welaýat merkezlerimizde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk merkezleridir ýöriteleşdirilen hassahanalaryň, saglyk öýleriniň gurulmagy, şypahanalaryň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp ýörelgäniň diňe käbir miweleridir.
Her bir güni taryhy wakalara beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda biziň zähmet çekýän hassahanamyzyň hem durkunyň düýpli täzelenip, ulanylmaga berildi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Dänew etrap hassahanamyza halkymyza ýokary hilli hyzmat etmek üçin ähli amatlyklary bolan, dünýäniň iň meşhur kompanýalary tarapyndan öndürilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sowgat berilmegi biz lukmanlary we ildeşlerimizi diýseň begendirdi. Ynha hassahanamyzyň kompýuter tomografiýa otagyna hem dünýäniň iň meşhur kompaniýalarynyň, ýagny Ýaponiýa döwletiniň önümi bolan “Kanon” kompýuter tomografiýa enjamy oturdyldy.
Kompuýuter tomogrofy hassahanamyzda etrapda ilkinji gurnalyp, has kämil enjamdyr. Bu enjamyň birnäçe aýratynlyklary bolup, ýagny has ownuk şekilleri görmeklikde mümkinçiligi iki esse ýokary bolup, oňa kelle beýniň neýrodegeneratiw üýtgemelerini, gapdal amiotrofiki skleroz keseli, irki döwürdäki işemiýa, sowuklama, uşak zeperlenme ojaklary, çylşyrymly damar kesellerini has takyk anyklamakda ähmiýeti uludyr.
Bu maslahat beriş we keselleri anyklaýyş merkezinde ornaşdyrylan döwrebap enjamlar ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglyk ýagdaýyna ýokary derejede baha berip, ýokanç däl keselleri irki döwürde anyklamaga we netijeli bejergileri kesgitlemäge mümkinçilik berer.
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň saglygyny goramaga mundan beýläk-de uly mümkinçilikleri berjek Dänew etrap hassahanasynyň durkuny täzeläp gurduryp berendigi, biz — ýaşlara işlemäge, döretmäge, türkmen lukmançylygyny dünýä ýaýmaga döredip beren mümkünçilikleri üçin köp sagbolsun aýdýarys.
Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri elmydama rowaç bolsun!
Artur HUDAÝBERENOW,
Lebap welaýatynyň Dänew etrap hassahanasynyň kompýuter tomografiýa otagynyň lukmany.



