
Berkarar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde her bir günümiz toýdur baýramlara beslenýär. Ýurdumyz şanly Garaşsyzlygymyza eýe bolandan soňra ähli ugurlar bilen bir hatarda milli saz sungatymyz hem buýsandyryjy ösüşlere beslendi. Bu günki gün türkmen saz sungaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bütin äleme ýaň salýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä derejesinde ösdürmekde köp aladalar edilýär we bu ugurda giň mümkinçililer döredildi.
Türkmen medeniýetini we saz sungatyny ösdürmekde kärdeşlerimiz Roza Nazarowa hem-de Mahym Öwezowanyň mynasyp goşantlary bar. Halypa mugallymlar özleriniň baý tejribeleri bilen mekdebiň hor toparyny taýýarlamakda irginsiz zähmeti bilen tapawutlanýarlar. Şol sebäpden mekdebiň hor topary birnäçe gezek ýurdumyzyň döwlet derejesindäki bäsleşiklerde birinji orna mynasyp boldy. Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň hor topary dürli çäreleriň, toýdur baýramlaryň esasy bezegine öwrüldi.
Halypa mugallym Mahym Öwezowa işlän ýyllarynda özüniň baý tejribesini paýlaşmak maksady bilen okuw maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny, usuly gollanmalary ýazdy. Munuň özi türkmen saz sungatyny ösdürmekde uly goşantdygyny ýene bir gezek aýratyn belläsimiz gelýär.
Golaýda mekdebimizde halypa mugallymlaryň 60 ýaş doglan güni mynasybetli döredijilik agşamy geçirildi. Halypa mugallymlary hormatlap geçirilen döredijilik agşamy edil olaryň baý tejribesi ýaly, örän guramaçylykly we saz eserlerine baý boldy. Oňa welaýatymyzyň sungat ojaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Dabarada mekdebimiziň göreldeli okuwçylary fortepiano saz guralynda dünýäniň meşhur kompozitorlarynyň döreden eserlerini ýerine ýetirdiler. Soňra dabara ýerine ýetirilen şowhunly aýdymlar bilen dowam etdi.
Şeýle-de dabaranyň dowamynda halypa mugallymlaryň döredijiligi barada giňişleýin gürrüňler edildi, ýakymly ýatlamalar ýatlanyldy.
Soňra oňa gatnaşanlar ýurdumyzda medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
Nasiba NARBAÝEWA,
Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň sazyň taryhy we nazaryýeti mugallymy.



