Žurnalistiň sahypasy

Klimatyň abadançylygy – tutumly başlangyçlarda

19-12-2023 / 15

Klimat meselesi boýunça 1990-njy ýylda geçirilen ikinji bütindünýä maslahatynda BMG-niň ýörite rezolýusiýasy kabul edilýär. Onda Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýany taýýarlamak babatda ylalaşyga gelinýär. Şeýlelikde, BMG-niň 1992-nji ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Daşky gurşaw we ösüş boýunça halkara maslahatynda Konwensiýa gol çekilýär. Ol 1994-nji ýylda güýje girmek bilen, birinjiden, howanyň üýtgemeginiň antropogen meselesi bolup durýandygyny mälim edip, ählumumy hereketleriň strategiýasyny taýýarlamagy öňe sürýän çynlakaý çagyryş hökmünde çykyş edýär. Ikinjiden, atmosferadaky parnik gazlarynyň goşundylarynyň derejesini durnuklylaşdyrmakda esasy görkeziji bolup durýar. Üçünjiden, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak işinde ähli ýurtlaryň milli syýasaty ýöretmegine we hyzmatdaşlyk saklamagyna, zyňyndylaryň milli kadastryny (hasabatyny) girizmäge, bu çygyrda hasabatlylygy, özara maglumat we tejribe alyşmalary ýola goýmaga hyzmat edýär. Dördünjiden, döwletleriň howanyň üýtgemegine garşy göreşmeginde «umumy, ýöne deňagramly jogapkärçilik» ýörelgesini berkitdi. Çarçuwaly konwensiýa wagtyň synagyndan geçip, ol häzirki döwürde-de bu mesele boýunça esas düzüji halkara hukuk resminamasy bolmagynda galýar.

Türkmenistan daşky gurşawy we atmosferany goramak boýunça halkara hyzmatdaşlyga goşulmak bilen, BMG-niň ekologiýa howpsuzlygy meseleleri babatdaky konwensiýalaryna işjeň gatnaşýar. Olaryň hatarynda Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyny, bu resminama degişli Kiota teswirnamasyny, Ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasyny, Çölleşmä garşy göreş boýunça BMG-niň konwensiýasyny, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalmagyna we ýok edilmegine gözegçilik etmek boýunça Bazel konwensiýasyny, Biodürlülik baradaky konwensiýany, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýany, Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin daşky gurşawy goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýany görkezmek bolar.

Tebigy gurşawy we onuň serişdelerini aýawly saklamaga hem-de yzygiderli dikeltmäge gönükdirilýän halkara ekologiýa hukugy boýunça hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Türkmenistan 2016-njy ýylyň güýzünde Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, onuň düzgünlerini işjeň amala aşyrmaga girişdi. Häzirki döwürde ýurdumyz bu ylalaşyga esaslanyp, BMG-niň goldaw bermeginde howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleler boýunça halkara hukuk binýadyny berkitmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär. Şol bir wagtyň özünde-de, bu meseleler boýunça sebitde özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Hut şu maksatlar bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen edarany — Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek işlerine aýratyn ähmiýet berýär. Umumadamzat bähbitli pikir-garaýyşlar bolsa dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapýar.

Merjen WELIÝEWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu