
Ösüş arkaly parahatçylygy berkitmek ugrunda öňe sürülýän başlangyçlardyr çagyryşlar halkyň ýaşaýyş-durmuşyny özgertmek bilen birlikde, sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamagyň täsirli guraly, ählumumy parahatçylygyň rowaçlanmagynyň kepili bolup çykyş edýär. Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemişelik Bitarap döwletimiziň sebit we ählumumy derejedäki möhüm meseleler boýunça abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlaryny öňe sürdi.
Öňe sürlen başlangyçlaryň hatarynda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we ýanaşyk sebitlerde Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek başlangyjy hem bar. Mundan başga-da, Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli ähmiýet bermek üçin bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi — Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek teklip edildi. Bu merkeziň işlemegi üçin Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmegiň mümkinçilikleri nygtaldy. Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk esasynda azyk howpsuzlygy boýunça forumy çagyrmak başlangyjy-da öňe sürüldi. Şunuň ýaly strategik çemeleşme howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça anyk we ulgamlaýyn işleri alyp barmaga mümkinçilik berer. Şeýle başlangyçlar ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalaryny, ilkinji nobatda, energetika, senagat we ulag pudaklarynda ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmäge hem-de ondan ýerlikli peýdalanmak babatdaky meseleleri sebit derejesinde öňdengörüjilikli, oýlanyşykly çözmäge ýardam eder. Netijede, bu ugurda amal ediljek hukuk, ykdysady we guramaçylyk işleri sebitiň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk hem-de beýleki işleriň tebigy-ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmaga gönükdiriler. Has takygy, meýilleşdirilýän hojalyk ýa-da beýleki işleri amala aşyrmagyň mümkindigi ýa-da çäklendirmeleri hakynda degişli karary kabul etmek maksady bilen, olaryň daşky gurşawa ýetirýän täsiriniň göni, gytaklaýyn hem-de gaýry netijelerini ýüze çykarmak, seljermek we hasaba almak boýunça işler ulgamlaşdyrylar.
Ekologiýa howpsuzlygyny berkitmekde umumadamzat bähbitli tagallalary birleşdirmegiň derwaýyslygyna meseläniň ýüze çykan wagtyndan häzirki döwre çenli bu ugurda gazanylan netijeleriň mysalynda-da göz ýetirmek mümkin. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrlarynda antropogen täsirleriň netijesinde, howanyň üýtgemegi ekologiýa meselesiniň ählumumy derejede çözülmegini talap etdi. Alymlaryň pikirine görä, metanyň, esasan-da, kömürturşy gazynyň atmosfera goýberilişiniň göwrüminiň artmagy dünýäde ählumumy maýylganlygyň ýokarlanmagyna getirdi. Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Klimat meselesi boýunça merkezindäki hökümetara bilermenler topary onuň ýagdaýy babatdaky hasabatlary yzygiderli seljerip, aşakdaky netijä gelýär: ХХ asyryň dowamynda Ýer togalagynda gyzgynlyk ortaça 0,6 (+/-0,2) gradus ýokarlandy. Şunda soňky 50 ýylda howanyň maýlamagynyň esasy sebäbiniň adamyň hojalyk işleriniň netijesinde parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň ýokarlanmagy bilen baglydygyna üns çekilýär. Bilermenleriň bahalandyrmalaryna görä, bu zyňyndylara, esasan, energiýa zyňyndylary (26%), önümçilikde (19%), ýerler ulanylanda we tokaý hojalygynda (17%), oba hojalygynda (14%), ulagyň ähli görnüşlerinde (13%), aýratyn-da, tokaýlar ýok edilende ýanýan ýangyjyň netijesinde, atmosferada ýygnanan kömürturşy gazynyň konsentrasiýalarynyň artmagy (35%) sebäp bolýar.
Tebigaty hojalyk işleriniň zyýanly täsirlerinden goramak boýunça ýurdumyzda geçirilýän çäreler yzygiderli maliýeleşdirilýär.
Döwletmyrat ANYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.



