Žurnalistiň sahypasy

Sarpasy belent şahyr

20-12-2023 / 13

Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň köp ugurly döredijilik dünýäsi umumadamzat edebiýatynyň altyn hazynasynda mynasyp orny eýeleýär. Beýik şahyryň döredijiligi, onuň dürli ugurlary öz içine alýan şygryýet ummany islendik adamy ruhlandyrýar. Watançylyk, il-ýurduň agzybirligi, jemgyýetiň asudalygy, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly mowzuklar beýik söz ussadynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmeginiň hem onuň çuň manyly döredijiligiň hiç kimi biparh goýmaýandygyny äşgär edýär.

Gündogaryň beýik akyldary hökmünde dünýä halklarynyň arasynda giňden tanalýan we söýlüp okalýan dana şahyrymyzyň şygyrlarynyň her biri ynsanyň kalbynda belent adamkärçilik, watansöýüjilik ýaly arassa ahlakly ýaşamak  duýgularyny oýaryp, ynsan kalbynda uly orun alýar. Şeýle-de şirin dilli söz ussadynyň ylmy garaýyşlarynda baý edebi mirasyň many-mazmuny, dil baýlyklary, nesil terbiýesindäki ähmiýeti aýratyn nygtalyp geçilýär. Iň ýagşy sözleri, il oňlaýan gylyk-häsiýetleri beýik ussatlyk bilen şygyr setirlerine siňdirip bilmek diňe şeýle ägirtlere başardýandyr. 

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň diňe bir goşgy hökmünde däl-de, aýdym hökmünde hem aýdylyp, halkyň arasynda ýaşap gelýändigini aýtmak gerek. Onuň köp goşgulary aýdymçy-sazandalarymyzyň döredijiliginiň bir parçasydyr. Söz ussadynyň adamzat kalbynyň owazyna öwrülen setirleri halk köpçüligi tarapyndan hem aýratyn gyzyklanma bilen diňlenilýär. Magtymguly Pyragynyň goşgulary ählimiz üçin ruhy taglymat we beýik mekdepdir. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň asyrlar aşyp gelýän müdimi döredijilik mirasyny ylmy esasda öwrenmek we seljermek, onuň şahyrana dünýäsiniň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek ugrunda dünýä derejesinde giň gerimli işler alnyp barylýar. 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaraly bellemäge giňden taýýarlyk görülýär. TÜRKSOÝ-yň 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmegi, şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetiniň beýikdiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Göwher AGAMYRADOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu