
Taryhy wakalara, şanly senelere baý bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly tamamlanyp barýar. Bosagada — Täze, 2024-nji ýyl.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda agzybir türkmen halky her bir ýyly uly zähmet üstünlikleri bilen jemleýär. Tamamlanyp barýan 2023-nji ýyl hem halkymyz üçin iň bir rysgal-döwletli, şowly ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda türkmen halkynyň halkara abraýyny arşa galdyran wakalaryň birnäçesi bolup geçdi.
Halkymyz täze bir ýylyň bosagasynda dur. Köçelerdäki bezegleri, Täze ýyl arçalaryny, Aýazbabadyr Garpamyjygyň daşyna üýşen adamlaryň şatlyk-şowhunyny görüp, halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän asylly ýörelgelere, Täze ýyl dessurlaryna gyşarnyksyz eýerýändigi hakda pikirlenýärsiň. Göwnümize bolmasa, Täze ýylyň şu ýylky garşylanyşy ozalkylardan has-da üýtgeşik ýaly. Belki-de, bu geçip barýan ýylyň durşy bilen şatlyk-şowhuna, şanly wakalara beslenendigi üçin şeýledir.
Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda ak bazarlarymyzyň, söwda merkezleriniň dürli harytlar bilen baýlaşmagy saçaklaryň berekedini öňküden-de artdyrar. Bu babatda, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň tagallalary bilen paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň söwda nokatlarynda baýramçylyk söwdasy gyzgalaňly dowam edýär.
Goý, 2024-nji ýyl rysgal-döwletliligiň, abadançylygyň, parahat ýaşaýşyň, ösüşleriň ýyly – bagtyň ýyly bolsun! Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli hormatly Prezidentimizi, agzybir türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!
Ogulşirin ÇARYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.



