Žurnalistiň sahypasy

Beýik maksatlara badalga

18-12-2023 / 11

Bilim — beýik maksatlaryň başlangyjy. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň bagtyýar nesliniň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň kämillik mekdebini geçen, nusgalyk durmuş ýörelgelerimize laýyk edep-terbiýeli, watansöýüji, ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegini gazanmak meselesi hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli özgertmeleri milli bilim ulgamyny halkara ölçeglerine laýyk getirmäge ähli esaslary döredýär. Döwletimizde bu ugurda kabul edilýän kanunlar halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna laýyk gelmek bilen, dünýä döwletleriniň iň gowy tejribelerini özünde jemleýär. 2021-nji ýylda kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi dünýäniň kanunçylyk işinde bar bolan esasy hukuk düşünjelerini we pudaklaryny özünde jemleýän pugta kanunçylyk binýadyna öwrüldi.

Dünýä jemgyýetçiliginde ylym-bilim ulgamy çalt depginler bilen ösýär. Has kämil innowasion usullar, çylşyrymly tehnologiýalar, täzeçe garaýyşlar durmuşa ornaşdyrylýar. Hut şunuň bilen bagly okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslaryny we usullaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek we baýlaşdyrmak zerur bolup durýar. Şeýle ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda täze resminamany — Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagyň möhümdigini nygtady. Munuň özi mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, doly orta, mekdepden daşary we goşmaça bilim boýunça okatmagyň usulyýetini milli tejribä, döwlet we halkara bilim ülňülerine laýyk getirmekde uly ähmiýetli bolar.

Gülnabat METMURADOWA,
Çärjew etrabynyň 63-nji orta mekdebiniň himiýa mugallymy, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu