Žurnalistiň sahypasy

Belent maksatly ýaşlar

18-12-2023 / 5048

Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň çuňňur mazmuny bardyr. Munuň özi nesilleriň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny, asudalygyny we ösüşleriň täze, okgunly gadamyny aňladýar. 30-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem hormatly Prezidentimiz şu ýylda ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak ençeme çäreleriň geçirilendigini aýratyn belledi. Nygtalyşy ýaly, ýakynda ýokary derejede guralan Kuraş boýunça dünýä çempionatynda hem biziň türgenlerimiz şowly çykyş edip, gowy netijeleri gazandylar, baýrakly orunlara, köp sanly medallara mynasyp boldular.

Ýokarda agzalan Hökümet mejlisinde ýylyň ahyrynda ýaşlaryň dabaraly maslahatynyň we sergisiniň geçiriljekdigi habar berildi. Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemi jemlener. Bu waka Arkadag Serdarly bagtyýar ýylynyň ajaýyp jemlenmesine öwrüler.

Geçiriljek maslahatda we sergide ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri, ylmy açyşlary öz beýanyny tapar. Geçiriljek dabaralar her birimiziň durmuşymyzyň möhüm senesine öwrüler.

Aşyrgül MAŞADOWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň onkolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu