Žurnalistiň sahypasy

Terbiýäniň milli kökleri

17-12-2023 / 13

Halal zähmet, päk ahlak ynsanyň bezegidir. Durmuşyny şu gymmatlyklar bilen bezeýän adam uzak ýol, menzil aşýar. Başgalar üçin hem görelde bolup durýar. Diňe halal zähmet çekýän adam bagtyýar durmuşda ýaşar. Halallygyň özeni bolsa nesil terbiýesinden başlanýar.

Biziň begenjimiziňem, gynanjymyzyňam köki şol terbiýeden gözbaş alýar. Şonuň üçinem türkmen halky gaty ir döwürlerden bäri nesil terbiýesine uly ähmiýet berip gelipdir. Bu babatda «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlary, «Kowusnama» kitaby, Magtymguly atamyzyň şygyrlary bize nusgalyk çeşmelerdir.

Edep bermegiň galypa salnan ülňüsi bolmaýar. Ol, esasan, görüm-göreldäniň, söhbetdeşligiň, çeper edebiýatyň… üsti bilen amal edilýär. Bir söhbetdeşlikde sowatly kişiniň biri: «Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gurulýan binalaryň, desgalaryň milli öwüşginli bolmalydygyny häli-şindi çykyşlarynda ýaňzydýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu talaby, birinjiden-ä, onuň geçmişe bimöçber söýgüsini aňladýar, ikinjiden hem, şol milli öwüşginli binalar bize-de ata-babalarymyzdan galan taryhy ýatladýar» diýdi weli, terbiýe çeşmeleriniň örüsiniň örän köptaraplydygy hakynda oýlandym.

Keý-Kowusda şeýle setirler bar: «Sözle, seniň kimligiňi aýdaryn». Eger, şol söz ýürekden çykan söz bolsa, ol onuň ruhy keşbiniň aýnasydyr.

 Bir kişi hemişe öý-ojagyndaky maşgala agzalaryndan berk tertip-düzgün talap edýän eken. Günlerde bir gün ol uzak wagtlyk sapara gitmeli bolupdyr. Olaryň sapary aýalynyň doglan gününe gabat gelipdir. Şonda ol kişi aýalyny gutlap, ýagşydan-ýagşy arzuwlar ýazylan haty we onuň gowy görýän güllerinden bir desse güli sowgat iberipdir. Ýöne ol şol desse güli demir zynjyr bilen bogup iberipdir. Sowgat gowşurylypdyr. Ähli maşgala agzalary hoşal bolupdyrlar. Olar gül dessesiniň näme üçin demir zynjyr bilen daňlyp iberilendigine-de düşünipdirler. Ol «Siz hemişe berk tertip-düzgüni saklamalysyňyz» diýlip ýatladyldygy eken.

Edep-terbiýe, ine, şular ýaly gymmatlyklardan gözbaş alýar. Adam üçin edebiýat, pederlerimiziň öwüt-nesihata ýugrulan sözleri terbiýe mekdebi bolup durýar. Halkyny, onuň gymmatlyklaryny söýýän, hormat goýýan, adam terbiýeden daş düşmeýär.

Güldesse HANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu