Žurnalistiň sahypasy

Baglar we ynsan saglygy

17-12-2023 / 13

Türkmen halky gadym döwürlerden bäri bag ekmegi sogaply iş hasaplapdyr. Munuň özi halkymyzyň ähli döwürlerde tebigat bilen ysnyşykly ýaşamaga, daşky gurşawa aýawly seretmäge uly üns berendigine şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletimiz häzirki wagtda ähli ugurlarda ynamly öňe ilerleýär. Bu babatda her bir ugra degişli döwlet maksatnamalary kabul edilip, olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle maksatnamalaryň biri-de Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu maksatnamanyň çäginde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, raýatlarymyzyň saglygy üçin amatly ekologik howa gurşawyny döretmek maksady bilen soňky ýyllarda 145 milliondan gowrak bag nahallary oturdyldy.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy bellenilen 2020-nji ýylda 25 million, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanan ýylynda 30 million düýp bag nahallarynyň oturdylmagy diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, sebit ähmiýetli asylly tutumlardyr. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bu günki günde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda geçirilen ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy hem aýdyň güwädir.

Bag ekmek arkaly ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen tagallalar raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek babatda-da örän ähmiýetlidir. Çünki ynsanyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ilkinji nobatda arassa howa zerur bolup durýar. Muny alymlaryň gür baglyga bürenen ýerlerde ýaşaýan adamlaryň agaçlaryň az ýerinde ýaşaýanlara garanyňda, immun ulgamynyň has güýçli bolýandygy, özüni ruhubelent duýýandygy hem-de şu arkaly has az syrkawlaýandygy baradaky kesgitlemeleri hem tassyklaýar. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, her ýyl geçirilýän ýazky we güýzki ählihalk bag ekmek dabaralarynyň döwletimiz tarapyndan amal edilýän dünýä nusgalyk işlerdigi aýdyň ýüze çykýar.

Jemal KANDYMOWA,
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň kardiolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu