Žurnalistiň sahypasy

Türkmen-german lukmançylyk forumy

18-12-2023 / 5

Şu ýylyň 14-15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Saglygy soraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan sanly ulgam arkaly guralýan iki günlük XI Türkmen-german lukmançylyk forumy üstünlikli geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu forumy guramak baradaky ylalaşyk şu ýylyň 28-29-njy sentýabrynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Germaniýa amala aşyran saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren teklibine laýyklykda gazanyldy. Şu gezekki ikitaraplaýyn duşuşyga sanly ulgam arkaly GFR-iň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary, paýtagtymyzyň ylmy-kliniki merkezleriniň, welaýat saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşykda dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we bejermek, gaýragoýulmasyz kömek, onkologiýa, trawmatologiýa, ortopediýa ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ylym ulgamyna dünýä lukmançylygynyň gazananlaryny işjeň ornaşdyrmak ileri tutulyp, abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlaryň iri lukmançylyk merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk merkezlerine aýratyn orun degişlidir. Bu ýurt bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy döwletimiziň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr.

German hünärmenleri Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky ýeten sepgitlerine ýokary baha berdiler. 

Orazjemal SYRAÇMUHAMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu