Žurnalistiň sahypasy

Gadymy söwda ýolundaky häzirki zaman logistika merkezi

17-12-2023 / 12

Türkmenistan, geostrategiki artykmaçlyklary ulanmak, milli ykdysadyýeti mundan beýläk hem ösdürmek üçin berk esasy döretmek, onuň maýa goýum mümkinçiligini ýokarlandyrmak, özarabähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine şertleri döretmek bilen, ulag-kommunikasion ulgamy yzygiderli ösdürýär. Ulag-logistika ulgamynda döwletara özara hereket etmegi işjeň ösdürmek bilen, garaşsyz, baky Türkmenistan baý däp-dessurlara eýe bolan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýär.

Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köp şahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli taslamalary, şol sanda hereket edýän we gurulýan täze awtomobil hem-de demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek we giňeltmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ulgamda halkara üstaşyr-ulag geçelgeleriniň kemala getirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlary geçen geografik taýdan amatly ýerleşýändigini nazara alanyňda Türkmenistan dünýäniň aragatnaşyk giňişliginiň möhüm halkasydyr. Täze taryhy eýýamda bolsa yklymara ýollaryň çatrygynda ýerleşen ýurt hökmünde onuň ähmiýeti has-da artdy. Soňky ýyllarda halkara ulag gatnawynyň pugtalandyrylmagyndan daşary, demir we awtomobil ýollarynyň milli ulgamynyň düýpli giňeldilmegi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň okgunly ösdürilmegine kuwwatly badalga berdi.

Bilşimiz ýaly, logistika düşünjesi soňky döwürde dünýä söwdasynyň, haryt dolanyşygynyň ählumumylaşmagyndan emele gelen zerurlyk hökmünde giň gerim aldy. Türkmenistan bu gün multimodal ulag-aragatnaşyk ulgamyny, şol sanda demir ýollar, awtoulag, deňiz ýollary, ammarlardyr portlar ýaly infrastrukturalary ösdürmek we goldamak üçin, döwlet bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny jebisleşdirmegiň, bilelikdäki maliýeleşdirmeler arkaly bu ugra şereketleriň maýa goýumlaryny çekmegiň möhümdiginden ugur alyp, bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň emele gelmegine aýratyn üns berýär.

Logistika soňky ýyllarda diňe bir ýurdumyzda däl, tutuş dünýäde çalt depginler bilen ösýär. Çünki onuň ösüş mümkinçilikleri, dünýä döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň ykdysady maksatlarynyň amala aşmagynda eýeleýän orny üýtgewsiz bolmagynda galýar. Şonuň üçin hem dünýäde logistikanyň ulag, harytlary saklamak, gaplamak, gümrük işlerini amala aşyrmak we sarp edijä gowşurmak ýaly hyzmatlarynyň mukdary artýar. Bu bolsa ösen ýurtlaryň söwda dolanyşygynyň artmagyna getirýär.

Türkmenistan logistikany ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak bilen, ýurduň ykdysady ösüşinde jemi içerki önümiň paýyny artdyrdy. Şonuň netijesinde döwletimiz bu ugurda ösen ýurtlaryň tejribesinden peýdalanmak arkaly pudagyň öndürijilik indeksinde sebitde öňdäki orny eýelemegi we iki yklymyň çatrygynda ýerleşen ykdysady taýdan kuwwatly logistik lidere öwrülmegi maksat edinýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, sebitleýin güýje öwrülmek üçin döwletimiziň pudagyň maddy-tehniki üpjünçiligini berkitmek, çykdajylary azaltmak bilen birlikde, söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr geçirijiligiň artmagy üçin zerur ýeňillikleridir şertleri döretmek we onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Munuň üçin ýurdumyzda juda uly işler amala aşyrylýar.

Bähbit ORAZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologik fakultetiniň Elektrik üpjünçiligi hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu