Žurnalistiň sahypasy

«Bitarap Watanyň körpe nesli biz!»

16-12-2023 / 44

Ýakynda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Bitarap Watanyň körpe nesli biz!» diýen at bilen surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik Mary welaýatynda hem ýokary guramaçylyga beslenip, onda ezber körpeleriň birnäçesi ýüze çykaryldy.

Ýaş nesilleriň baýramçylyk ruhy bilen şekillendiriş sungaty boýunça başarnyklaryny, okuw döwründe öwrenenlerini, täze zehinleri ýüze çykarmak, höweslendirmek, sungata  we döredijilige bolan söýgülerini artdyrmak babatda oňyn ähmiýetli bolan bu bäsleşige ýaşajyk suratkeşler örän işjeň gatnaşdylar.  Ýeri gelende bellesek, uly ruhubelentlige beslenen bäsleşikde ýaşajyk suratkeşler ilki özlerini tanyşdyrmak, soňra degişli şekil boýunça surat çekmek, şeýle-de çeken suratlary hakynda dilden beýan etmek ýaly şertler boýunça bäsleşdiler.

Mary şäher hem-de welaýat tapgyrynda biziň çagalar bakja-bagymyzdan hem ýaşajyk suratkeşimiz Aýläle Ahmedowa hem şowly çykyş edip ýeňiji boldy. Aýläle öz  çeken suratynda parahatçylygy, baky Bitaraplygymyzyň gazananlaryny, asuda asmany, toý şatlygyny şekillendirdi. Ol öz çeken suraty hakynda beýan etmek bilen, goşgy setirlerini hem aýdyp, çagalyk buýsanjyny joşgun bilen zybana getirýär. Aýläläniñ bu üstünligi hem-de ähli ýaş nesilleriň bagtyýarlygy, sungata höwesi, gazanýan ýenişleri biziň her birimizi buýsandyrýar.

Ata Watanymyzda bagtyýar körpeleriň döwrebap sowat öwrenmegi, göwnejaý dynç almagy, sagdyn ösdürilmegi, milli ruhda terbiýelenmegi babatda uly aladalaryň edilýän zamanasynda döredijilik ugurly şeýle bäsleşikleriň guralmagynyň ýokary ähmiýeti bardyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitarap Watanyň körpe nesillerini mynasyp ýetişdirmek, olary ählitaraplaýyn kämil şahsyýetler hökmünde kemala getirmek ugrunda şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän, ýurdumyzda asudalygy, bagtyýarlygy rowaçlandyrýan Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bilim-terbiýeçilik işgärleri hökmünde egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Gülälek ÖWEZBERDIÝEWA,
Mary şäherindäki rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 47-nji  çagalar bakja-bagynyň I uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynyň II derejeli terbiýeçisi, TDP-nyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu