
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan, taryhy wakalara beslenen ajaýyp ýylymyzda Dänew hem-de Saýat etrap hassahanalarynyň durkunyň täzlenip, ulanylmaga berilmegi ildeşlerimize berlen ajaýyp toý sowgady boldy. Binasynyň durky täzelenen hassahanalaryň ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermegi, saglyk ulgamynyň beýik ösüşlere eýe bolýandygyny, adam baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde bolýandygyna doly şaýatlyk edýär.
Saýat etrap hassahanamyza Germaniýa Federasiýasynyň, Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň, Niderlandiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Çehiýanyň we beýleki daşary döwletleriň meşhur kompaniýalarynyň tomogrof, rentgen, ultrases, EKG, häzirki zaman laborator we ýöriteleşdirilen dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary ornaşdyryldy.
150 orunlyk hassahanada 335 işgär halka gije-gündiz hyzmat edýär. Hassahanada jemi 10 sany, ýagny Iç keseller, hirurgiýa, çaga dogruş, aýal keseller, çagalar, fizioterapiýa, laboratoriýa, anyklaýyş we maslahat beriş, radiologiýa hem-de ýokanç keseller bölümleri bolup, olaryň ählisi ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen ornaşdyrylan.
Hassahananyň maslahat beriş we keselleri anyklaýyş bölüminde lukmanlara kämil saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrmaga giň ýol açyldy. Bölüm gaýragoýulmasyz ýagdaýda ýüz tutan näsaglara gije-gündiziň dowamynda zerur bolan barlag, anyklaýyş çärelerini geçirip, ilkinji lukmançylyk kömegini berýär. Bölümdäki Ýaponiýada öndürilen ehokardiografiýa enjamy ilatyň saglyk ýagdaýyny takyk anyklama we bejerginiň doly, netijeli geçirilmegine uly ýardam berýär. Şeýle-de bölümiň rentgen otagyndaky Italiýa, Niderlandiýa, Germaniýa döwletlerinde öndürilen flýugrograf we san görkeziji göçme rentgen, awtomatiki plýonka çykaryjy enjamlaryň kömegi bilen adamyň beden agzalarynyň islendik tekizlikde surata düşürip, keselleri anyklamaga mümkinçilik bar.
Hassahananyň fizioterapiýa bölümi giň, ýagty otaglardan ybarat bolup, bu ýerde çelektrofarez, barokamera, infragyzyl şöhlesi, ýokary, orta we gysga tolkunly enjamlar hem-de parafin otagy bar. Bulardan başga-da, hassahananyň birinji gatynda bejeriş wannalary bar.
Hassahananyň radiologiýa bölümindäki kompýuter tomografiýa ilkinj gezek oturdylyp, halka ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyny hödürleýär. Şeýle-de bölümde rentgen otagy, flýurografiýa we tamografiýa otaglary degişli enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Hassahananyň bölümleriniň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejede berilmegini doly üpjün edýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, hassahanamyz has özgerdi, has döwrebaplaşdyryldy. Indi näsaglar üçinem, biz — lukmanlar üçinem mümkinçilikler ozalkysyndan birnäçe esse artdy. Has dogrusy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle mümkinçiliklere eýe bolmagymyz barada edýän aladalarynyň aýdyň şaýady bolduk.
Şu ajaýyp pursatdan peýdalanyp, şeýle döwrebap, giň mümkinçilikleri döredip beren Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Atajan HUDAÝNAZAROW,
Saýat etrap hassahanasynyň fizioterapiýa bölüminiň müdiri.



