
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde tutuş ýurdumyzda, şol sanda welaýatymyzda dünýäniň ösen derejesinde bäsleşýän, ähli döwrebap mümkinçilikleri öz içine alýan iri hassahanalar, saglyk merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi. Ajaýyp zamanamyzda gurlan we gurulýan saglygy goraýyş merkezlerinde alnyp barylýan işleriň özenini döwrebap innowasion enjamlary ulanmak, saglygy goraýyş işgärlerini ýörite we täzeden taýýarlamak, halkara hyzmatdaşlygy arkaly dünýäde hem-de ýurdumyzda gazanylýan tejribesini ornaşdyrmak ýaly beýik işler tutýar.
Türkmenabatdaky döwrebap Gaýragoýulmasyz „Tiz kömek“ merkezi hem hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlan saglyk merkezleriniň biridir. Bu ýerde watandaşlarymyza döwrebap lukmançylyk hyzmatlaryny etmek üçin ähli şertler döredilen.
Merkeziň mümkinçilikleri hassa ilkinji kömegi bermekden başlap, çylşyrymly operasiýalary geçirmäge çenli giňeýär. Barlaghana, anyklaýyş, hirurgiýa, reanimasiýa bölümleri hem gije-gündiz halkyň hyzmatynda.
Merkezde „Tiz kömek“ toparlarynyň 20-den gowragy işleýär. Olar Türkmenabat şäherinde we şäheriň ýakynynda ýaşaýan ildeşlerimize tiz lukmançylyk kömegini berýärler. Toparlaryň käbiri bolsa aýratyn maksatlara niýetlenen. Eger hassanyň ýagdaýy has agyr bolsa, olara şol ýörite toparlar ugradylýar. Çünki olaryň ulagynda hut şol kesele niýetlenen enjamlar ornaşdyrylan.
Biziň esasy maksadymyz çagyryşlara öz wagtynda baryp, mümkin boldugyndan, tiz hyzmat etmek. Munuň üçin bizde içki aragatnaşyk tory hem döwrebap derejede ýola goýlan. Bu iş has-da kämilleşdirilip, hyzmatlaryň hilini mundan hem gowulandyrmagyň üstünde işlenilýär. Sebäbi „Tiz kömek“ lukmanlary — ynsan saglygynyň ilkinji halasgärleri. Şonuň üçin hem lukmançylykdaky ilkinji döwrebaplyk bu gullugyň işine degişlidir. Munuň üçin hormatly Prezidentimiz hem ähli şertleri döredip, ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Diňe iri şäherlerimizdäki merkezler däl, eýsem, etrap-şäherlerdäki „Tiz kömek„ merkezleri hem döwrebap enjamlardyr ulaglar bilen üpjün edilýär. Lukman Arkadagymyzyň bu göreldesi bizde has-da yhlasly işlemäge höwes döredýär. Mundan beýlek has-da berk çemeleşmäge itergi berýär.
Aýratyn guwandyryjy ýagdaýlaryň biri, durky täzelenen hassahanalaryň ikisine-de açylyş dabarasynda «Tiz kömek» awtoulaglary sowgat berildi. «Taýota» kysymly döwrebap «Tiz kömek» awtoulaglaryň gelip gowuşmagy hassahanalaryň işine uly goşantdyr.
Täze «Tiz kömek» awtoulaglar lukmanlary çagyrylan nokatlarda wagtynda eltmek bilen çäklenmän, eýsem, hassa ilkinji kömegi talaba laýyk we ýokary derejede berilmegine uly ýardam eder. Çünki täze gelip gowşan ulaglar muňa doly mümkinçilik berýär. Olaryň öz maksadyna laýyklykda ähli zerurlyklar bilen üpjün edilendigi diýseň buýsandyryjydyr.
Narkuly KERIMOW,
Lebap welaýat «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň tiz kömek bölüminiň uly lukmany.



