
Saglyk — ynsanyň iň uly gymmatlygy. Halkyň saglyk ýagdaýy onuň abadançylygynyň iň möhüm görkezijileriniň biri hasaplanýar. «Saglyk bolsa, beglik bolar», «Bar nygmatdan ýeg saglygyň mazasy», «Altyn başym sag bolsa, altyn käseden çaý içerin», «Saglyk — baýlyk», «Saglygyň gadyryn bilgil, hassa bolmazdan burun», «Jany saga — günde toý» diýen ýaly ganatly jümleler, hakykatdanam, bar zadyň sakasynyň saglykdygyny ýene bir gezek äşgär edýär.
Keselleriň öňüni almak, raýatlaryň saglygynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň özenini düzýär. Şu ýylyň 15-nji martynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň düýbi tutuldy. Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak baradaky çözgüt ýurdumyzda halkymyzyň we her bir raýatyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna berilýän uly ünsüň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen bilelikde alnyp barylýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde biziň ýurdumyzyň goşýan goşandy bellenilmäge mynasypdyr. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Kanunyň kabul edilmeginiň hem-de temmäkä garşy göreşmek boýunça köpugurly maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini gazanmak bilen ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitinde öňdebaryjy orny eýeleýändigi ýokardaky aýdanlarymyzyň doly güwäsidir.
Milletiň saglygy diňe bir ýurdumyzyň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr.
Altyn REÝIMOWA,
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Lebap welaýat saglygy goraýyş-anyklaýyş merkeziniň iç keseller lukmany.



