Žurnalistiň sahypasy

Diller — dostluk köprüsi

14-12-2023 / 17

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň milli terbiýeli, sagdyn bedenli we ruhly, ösen aň-düşünjeli, döwrebap sowatly keşbini kemala getirmek ugrundaky aladalar giň gerimde durmuşa geçirilýär.

Garaşsyz Türkmenistanyň altyn geljegi hasaplanylýan bagtyýar nesillere bilim-terbiýe bermek işi mekdebe çenli çagalar edaralarynda maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Şol sanda çagalar bilen geçilýän sapaklaryň hatarynda daşary ýurt dilleriniň öwredilmegine hem aýratyn orun berilýär. Degişli toparlarda ýaş aýratynlyklaryna görä rus diliniň we iňlis diliniň okadylmagy,  käbir ýöriteleşdirilen çagalar bakja-baglarynda daşary ýurt dilleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilmegi geljekde ak mekdebe gadam basjak körpeleriň mekdebe taýýarlygynyň derejesini has-da ýokarlandyrmaga şert döredýär.

Çagalar baglarynda daşary ýurt dillerini okatmak degişli okuw maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýar. Bu ugurdaky sapaklaryň okadylyşy hil we mazmun taýdan baýlaşdyrylyp, şunda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alynýar. Bu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mekdebe çenli ýaşly çagalaryň dil sowatlylygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu resminamada daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda daşary ýurt dilini okatmakda ulanylýan bilim tehnologiýalaryny okuw işine ornaşdyrmak we yzygiderli kämilleşdirmek  göz öňünde tutulýar.

Daşary ýurt dilleri sapaklarynda sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň peýdalanylmagy öwrenilýän sapagyň hilini we mazmunyny baýlaşdyrýar. Bu sapaklarda duýga täsir ediş serişdelerini, yşyk, ses, saz bezeglerini peýdalanmak has-da netijeli bolup durýar. Çünki çagalar täzeçillige uly gyzyklanma bildirýärler. Geçilýän sapaklara degişli sanly görkezme serişdelerini peýdalanmak arkaly çagalaryň daşary ýurt dili boýunça öwrenenleri özleşdirilýär.

Ýeri gelende bellesek, rus dili sapaklarynda hem döwrebap tehnologiýalardan we media serişdelerinden peýdalanmak iş tejribä ornaşdyrylýar. Çagalaryň rus dilini göwnejaý öwrenmekleri, olaryň dil taýýarlyklarynyň ösdürilmegi ugrundaky tagallalar  pedagogikanyň gazanan baý usulyýeti we tejribesi bilen sazlaşdyrylýar.

Çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höweslerini, gyzyklanmalaryny has-da artdyrmak, sapaklarda alan nazary bilimlerini berkitmek we üstüni ýetirmek maksady bilen çagalar baglarynda ýörite gurnaklar hem hereket edýär. Bu ugurda yglan edilýän dürli bäsleşiklere taýýarlanmak, olary guramaçylykly geçirmek işlerine hem jogapkärli çemeleşilýär. Munuň özi mekdebe çenli bilim we terbiýe ulgamynyň düzümlerinde daşary ýurt dillerini öwrenmek, çagalaryň erkin gürläp bilmek endiklerini ösdürmek ugrunda köpugurly bilim-terbiýeçilik işleriniň amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar.

Ajaýyp zamanamyzda, halkara gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýän döwründe Bitarap Türkmenistanyň ýaş nesline ýokary derejede sowat öwretmek, olary döwrüň ruhyna laýyk häsiýetde kemala getirmek ugrunda döredilýän baý we giň möçberli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

Şemşat ANNAGELDIÝEWA,
Türkmengala etrabyndaky 2-nji çagalar bakja-bagynyň rus dili mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu