
Öý-ojagy ala-ýaz edýän naşyja çagalar biziň bagtyýar durmuşymyzyň görki, maşgala binýadynyň örki hasaplanylýar. Ähli ýagşy arzuwlaryň wysal bolýan ýurdy bolan ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşymyzyň gül-gunçalary, Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, watansöýüji, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Çagalar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde nesil terbiýesine berilýän üns örän ýokary. Danalaryň belleýşi ýaly: «Edep bir miweli daragtdyr. Onuň suwy we idegi ýeterlik bolmasa, onda ol miwe bermez. Çaga, köplenç, enedir atasyndan görelde alýandyr. Şonuň üçin çagalaryňyza ýagşy görelde görkeziň».
Çagalar biziň ertirki günümizi kesgitleýändirler. Nesil hakyndaky alada geljege ädilen batly gadam, bagtyýar geljegimizdir. Sagdyn, ruhubelent, edepli-ekramly nesilleriň ýörejek nurana ýollary şu günki beýik işler bilen binýat bolýar. Çagalarymyzyň zähmetsöýer, maksada okgunly bolup ýetişmegini gazanmak hem özümize baglydyr. Bilegiňe güýç berip, ýüzüňe nur çaýýanam, süňňüňi taplap, sagdyn edýänem zähmetdir. Çagalar, ýaşlar Watan öňündäki perzentlik borçlaryny halal zähmetleri, yhlaslary bilen ödemelidir.
Garaşsyz Türkmenistanyñ ak ertirleriniñ eýeleri hasaplanylýan bagtyýar körpeleriñ milli ruhda terbiýelenmeginde, sowat öwredilmeginde bolsa mekdebe çenli çagalar edaralarynyñ hem uly orny bar. Häzirki wagtda bilim-terbiýeçilik edaralarynyñ hatarynda çagalar bakja-baglaryna gatnaýan körpeler zamanabap terbiýelenip, olaryñ kadaly irki ösüşini gazanmak, ýaş aýratynlyklaryna görä sowat öwretmek we mekdebe taýýarlamak işleri ylmy esaslarda, döwlet maksatnamalaryñ ýörelgelerinde we milli häsiýetde alnyp barylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçirilýän ähli okuw mazmunly işleriñ, çäreleriñ içinden bolsa terbiýeçilik ugurly başlangyçlar eriş-argaç bolup geçýär.
Ýaş nesilleriñ göwnejaý dynç almagy, iýmitlenmegi, durmuş endikleri, gylyk-häsiýetleri köp ugurly wezipeler arkaly terbiýelenýär. Çagalaryñ körpejelik mahalyndan beden taýdan sagdynlygy, akyl taýdan kämilligi, edepliligi gazanylmagy ugrunda toplumlaýyn okuw-terbiýeçilik, usuly-guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Ýaşajyk türkmenistanlylaryñ watansöýüji, zähmetsöýer, berk bedenli, giñ dünýägaraýyşly keşbini kemala getirmek üçin çagalar bakja-baglarynda ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär.
Bibi BAÝRAMDURDYÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.



