Žurnalistiň sahypasy

Lukmançylyk ylmyna goşant

12-12-2023 / 11

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda jemgyýetimizde durmuşa geçirilýän beýik işler her birimiziň kalbymyzy buýsanja besleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň täze XV jildiniň neşir edilmegi sagdynlygy iň uly gymmatlyk hasaplaýan halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.

Milli Liderimiziň köpýyllyk ylmy-ensiklopedik eseri türkmen topragynyň melhemlik we dermanlyk baýlyklarynyň özboluşly beýanydyr. Ol Türkmenistanda lukmançylygyň, fitoterapiýanyň ösmeginde we kämilleşmeginde aýratyn orny eýeleýär. Bu eser geljekki nesiller üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Täze neşiriň uly toý-dabara bilen bellenilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde halkymyza gowşandygyny aýratyn nygtamak gerek. Ol Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasynyň, ýiti zehininiň miwesi bolmak bilen, ylmy garaýyşlarydyr gözlegleri özünde jemleýär.

Milli Liderimiz: «Adam özüniň ýaşaýşy üçin zerur bolan ähli zatlaryny tebigatdan alýar. Türkmen tebigaty bolsa dermanlyk ösümliklere örän baýdyr» diýip nygtamak bilen, ata Watanymyzyň sahawatly topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri hemmetaraplaýyn içgin öwrenmäge uly ähmiýet berýär. Bereketli türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýän bu ylmy-ensiklopedik iş daşary ýurt dillerine-de terjime edilip, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan höwes bilen okalýar hem-de öwrenilýär.

Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelen iň gowy tejribesi esasynda döredilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň nobatdaky jildinde dermanlyk ösümlikleriň 119-sy barada giňişleýin maglumat berilýär. Halk lukmançylygynyň genji-hazynasyna öwrülen, saglygy goraýyş işgärleri üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýän bu ylmy kitapda her bir ösümligiň dermanlyk häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, tebigy gory, peýdalanylyşy we ondan derman taýýarlanylyşy baradaky maglumatlar jikme-jik düşündirilýär.

Maýa DURDYÝEWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň kitaphana müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu