
Bilşimiz ýaly, türkmen halky adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde-de parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolupdyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň düýp özenini düzýän bu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da dabaralanýar.
Ata Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň ähmiýeti ýyl-ýyldan artýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen dünýäniň syýasy senenamasynda täze baýramçylyk — Halkara Bitaraplyk güni döredi. Munuň özi halkara gatnaşyklarda gazanan milli tejribämiziň ykrar edilmesidir.
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz daşary syýasatynda uly ösüşleri gazanýar. Häzirki wagtda syýasy we ykdysady taýdan durnukly ýurt hökmünde ykrar edilýän Türkmenistan döwletimiz dünýäniň 150-den gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar.
Bitaraplyk dünýäde gatnaşyklary kadaly ýöretmekde täsirli syýasy, ykdysady, ynsanperwer ýörelge hökmündäki ornuny netijeli pugtalandyrýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary çylşyrymly halkara ýagdaýlaryň çäginde gymmatly tejribe, nusgalyk ýol bolup öňe çykýar. Milli Liderimiziň hut özüniň başlangyjy bilen öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň häzirki döwürde has giň goldaw tapandygy buýsançly hakykatdyr. Çünki dünýäniň abatlygy halklaryň agzybirliginde, jebisliginde jemlenýär.
Wepa HALYMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň mugallymy.



