
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden Rezolýusiýalary bilen dünýäde baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet hasaplanýar. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan şeýle ýokary ykrara eýe bolan ýurdumyz häzirki wagtda ählumumy ösüşe gönükdirilen halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu bolsa sebitde durnuklylygy saklamakda we tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatynda Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklary has-da ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, bu abraýly halkara gurama ýurdumyz bilen 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini esaslandyrdy. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolsa, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýa kabul edildi. Öz nobatynda, bular ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň goralmagy we umumadamzat ösüşiniň üpjün edilmegi babatdaky tagallalaryna berlen ýokary bahanyň aýdyň nyşanydyr.
Milli Liderimiz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçiren umumy sapagynda: «Gadymy dünýä taryhynda ilkinji gezek Nusaýda Gündogar döwleti Hytaý we Günbatar döwleti Rim bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýlupdyr» diýip, türkmen Bitaraplygynyň şöhratly sahypalary hakda giňişleýin durup geçdi. Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň, daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň derwaýys ugurlaryny hem beýan etdi.
Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk we ösüş höküm sürsün!
Barna KURAMBAÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 4-nji ýyl talyby.



