
Golaýda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan biologiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasy guraldy.
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen olimpiadanyň esasy maksady «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan», ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Oňa dünýäniň 22 ýurdunyň ýokary okuw mekdepleriniň 46-syndan 139 talyp, ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň 20-sinden 237 talyp gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler.
Olimpiadanyň jemleri boýunça eminler topary tarapyndan ýeňijiler kesgitlenildi. Şonda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji diýlip yglan edilen talyplar altyn, kümüş, bürünç medallaryň eýeleri bolup, degişlilikde, 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglandylar. Biologiýa dersi boýunça geçirilen bäsleşigiň netijesinde, halkara talaplara laýyklykda, talyplaryň 79-sy ýeňiji diýlip yglan edildi. Olardan 18-si birinji, 27-si ikinji, 34-si bolsa üçünji orny eýeledi. Türkmen talyplary hem olimpiadada üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň 40-syny eýelemegi başardylar. Şolaryň 13-si altyn, galan 27-si bolsa kümüş we bürünç medallardyr. Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, öz gezeginde, baýrakly orunlaryň 39-syna mynasyp boldular.
Bäsleşige gatnaşyjylar ýaş nesilleriň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, dünýä derejesinde zehin-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdyp, tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.
Dünýägözel DURDYMUHAMMEDOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinin 1-nji ýyl talyby.



