Žurnalistiň sahypasy

Türkmen Bitaraplygy — taryhyň şöhratly sahypasy

12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni

09-12-2023 / 11

Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Dogrudan hem, Bitaraplyk halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga eýedir. Çünki Bitaraplyk derejesine eýe bolandan soň, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary has-da ýaýbaňlandy. Şeýlelikde, ösüşleriň aýdyň ýoluna düşen Watanymyzyň sebit hem-de dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen milli syýasaty dünýä döwletleri tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy.

Bu gün ata Watanymyzda hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýerip gelen türkmen halkynyň parahatçylyk taglymatynyň berk we gaýym binýady tutuldy. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde taryhy zerurlyk bolup orta çykdy. Bu belent dereje dünýä halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň belent nusgasy boldy.

Halkara giňişliginde hoşniýetli gatnaşyklary, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Yhlas ÖWEZOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu