
1995-nji ýylyň 12-nji dekabry ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän taryhy senedir. Hut şonuň üçin hem Bitaraplyk güni amatly geosyýasy, geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitlerine gönükdirýän döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrýar we gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan aýratyn ähmiýetli baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilýär.
Ýurdumyz daşary syýasatda hoşniýetli hyzmatdaşlygy, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ileri tutup, halkara başlangyçlary öňe sürýär. Şonuň üçin-de dünýä döwletleriniň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan islegi barha artýar.
Şöhratly taryhymyzyň many-mazmuna eýlenen sahypalary türkmen Bitaraplygynyň öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny görkezýär. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmen nesillerini öz baýdagynyň astynda jemläp, dawa-jenjelden daşda durýan adalatly hökümdarlyga eýe bolupdyr. Ol goňşy bilen goňşynyň özara ylalaşykda ýaşamagynyň, birek-birek bilen gatnaşyk saklamagynyň, sylag-hormatda bolmagynyň berk taglymatyny işläp düzüp, öz nesillerine bu ýörelgäni berjaý etmegi sargyt edipdir. Oguz han atamyzyň hoşniýetlilige esaslanýan bu syýasaty bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolup, biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Hemişelik Bitaraplyk syýasatyny gyşarnyksyz berjaý edýän Türkmenistan garaşsyz we özygtyýarly ösüşiniň ilkinji günlerinden parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerine eýermek bilen, dünýä giňişliginde halkara abraýynyň artmagyny şertlendirdi, Ýer ýüzünde Bitarap döwlet hökmünde umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň goldanylmagyny gazandy. Türkmenistan sebit howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça ylalaşdyryjy döwlet hökmünde çykyş etmek bilen, halkara hyzmatdaşlygynda aýratyn orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde ata Watanymyzyň bütin dünýäde hoşniýetli Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty, umumadamzat, sebit ähmiýetli halkara başlangyçlary, beýleki döwletler bilen uzak möhletli gatnaşyklara gönükdirilen taslamalary dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldawa eýe bolýar.
Begenç MUHAMMEDOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy.



