Žurnalistiň sahypasy

Türkmen sportunyň ýeňişli menzili

08-12-2023 / 11

Merjen paýtagtymyz Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty döwletimiziň sport babatdaky syýasatynyň, sport diplomatiýasynyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygynyň nobatdaky dabaralanmasy boldy. Iri sport baýramçylygynda türkmen türgenleriniň 5 altyn, 6 kümüş, 4 bürünç — jemi 15 medala mynasyp bolmaklary ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Paýtagtymyzda guralan Kuraş boýunça dünýä çempionatynda-da ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzüminde 15 türgen (7-si erkek, 8-si zenan) çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp goramagy başardylar. Has takygy, Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa, Aýşirin Haýdarowa, Aýnur Amanowa, Sanjar Abdyrahmanow, Gülşat Annaýewa, Ruslan Esgerow, Sapa Sapaýew, Wepa Awlýakulyýew, Sabina Kadyrowa, Daýanç Omirow, Şatlyk Jumanyýazow, Jahan Muhammedowa, Sabina Agajanowa, Döwlet Hemrakulyýew ýaly türgenlerimiz Aşgabatda geçirilen iri sport baýramçylygynyň hakyky gahrymanlary boldular.

Bilermenleriň pikirine görä, sportuň şu görnüşindäki ýokary görkezijiler tälimçiler Dörtguly Tejenowyň we Şirin Kubaýewanyň yhlasly zähmetiniň netijesi bolup durýar. Tälimçileriň birinjisi iki ýyl mundan ozal Türkmenistanyň erkekler ýygyndy toparyna ýolbaşçylyk eden bolsa, ikinjisi Lebap welaýatynda kuraş sporty boýunça özboluşly mekdebi döredip, ençeme ýyllardan bäri zenanlar ýygyndy toparyna ýolbaşçylyk edip gelýär. Ýeri gelende bellesek, şu gezekki dünýä çempionatynda medal gazanan 15 ildeşimiziň 14-si bu mekdepden çykan türgenlerdir.

Dünýä çempionatyny geçirmek — bu örän uly jogapkärçiligi öz üstüňe almak bolup, Türkmenistan dünýäniň ähli künjeginden köp sanly myhmanlary jemleýän iri halkara ýaryşlary kabul edýän ýurt hökmünde çykyş etmek bilen, olary uly üstünliklere besläp geçirýär. Munuň şeýledigini dürli döwletlerden paýtagtymyza gelen türgenler, olaryň tälimçileri, dünýäniň abraýly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýöriteleşdirilen neşirleriň, teleýaýlymlaryň, Halkara kuraş assosiasiýasynyň wekilleri hem tassykladylar. Meşhur sport ussatlarynyň, bilermenleriň hem-de wekiliýet ýolbaşçylarynyň umumy pikirine görä, Aşgabat sportuň köp sanly görnüşi boýunça dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryşlary geçirmäge mynasypdyr.

Bäşmuhammet PÄLWANOW,
Tejen etrabynyñ Altyn asyr şaheriniň sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu