
Garaşsyzlyk ýyllarynda öz ägirt uly baýlyklaryny rejeli peýdalanmak bilen, Türkmenistan okgunly ösýän ýurtlaryň biri hökmünde tanaldy. Täze önümçilikler döredildi, olaryň öndürýän önümleri bolsa dünýä bazarlarynda mynasyp orun eýeleýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar-institusional özgertmeleri mundan beýläk-de ilerletmek, durmuş ulgamynyň durnuklylygyny saklap galmak we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak bolup durýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, eksportyň möçberini artdyrmak, importyň düzümini kämilleşdirmek, tebigy serişdeleri rejeli we toplumlaýyn peýdalanmak, täze iş ýerlerini döretmek, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreler geçirilýär. Bularyň ählisi milli ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary depginli ösüşi saklamaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistan tarapyndan özara bähbitli we deňhukukly esasda milli we halkara taslamalara badalga berilmegi ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini berkidýär. Uglewodorod çig malynyň uly gorlarynyň özleşdirilmegi ykdysadyýeti depginli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň ykdysadyýeti diňe uglewodorod serişdelerine bagly bolman, Garaşsyzlyk ýyllarynda gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge uly üns berildi. Bu bolsa önümçilik senagatynyň pudaklaýyn düzüminiň köpdürlüligini üpjün edýär we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarynyň üýtgäp durýan şertlerine baglylygyny peseltmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak syýasaty esasynda ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän senagat kärhanalary işe girizildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda alnyp barlan işjeň senagat syýasaty gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge, täze kärhanalary döretmäge we hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmaga, maýa goýum işjeňligini saklamaga gönükdirildi.
Ykdysady özgertmeleriň geçirilmegi, öňi bilen, ykdysadyýetiň pudaklarynyň işini täzeçe, döwrüň talabyna laýyklykda guramaga we ony dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi esasynda kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasynyň kemala gelmegine mümkinçilik berdi.
Şirin ŞAMURADOWA,
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.



