
Türkmen halky beýik söz ussatlaryna hemişe hormat goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söz mülkünden köşk gurup, adamzat dünýäsiniň ruhy gymmatlygyna öwrülmegi başaran dana Magtymguly Pyragynyň sarpasy has hem belent tutulýar. Geljek ýylda milli şahyrymyzyň halkara derejesinde geçiriljek doglan gününiň 300 ýyllygyna ýokary taýýarlyk görülýär.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlar bossanynyň jahanyň yklymlarynda ýaşaýan ynsanlaryň durmuş-ýaşaýyş garaýyşlaryna juda ýakyndygy ony hemme eýýamlaryň we halklaryň şahyry derejesine göterýär. Meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow şahyryň eserlerine hormat goýmak bilen: «Magtymguly bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar» diýip jaýdar belleýär. Fransuz ýazyjysy Andre Marlo bolsa: «Magtymgulynyň goşgularyny okap, şeýle pikire geldim: eger Magtymgulynyň dünýäsini doly öwrenip bolsa, onda özüňi dünýäde iň bagtly adam hasap etse bolar, islän menziliňe-de ýetip bilersiň» diýip, örän parasatly pikir aýdýar.
Magtymguly Pyragy türkmeniň beýik söz ussadydyr, şygyr sungatynyň ägirdidir. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň şahsyýetiniň we döredijiliginiň dünýä derejesinde wagyz edilmegi üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Hojamberdi KURBANDURDYÝEW,
Dänew etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň müdiri.



